Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan saýlawdan öňki çekişmeler üçin 47,9 million teňňe berer


Nur-Soltan. Merkezi saýlaw toparynyň ýerleşýän binasy

Parlament deputatlygyna kandidatlryň telewizion çekişmeleri üçin býujetden 47,9 million teňňe (häzirki walýuta hümmetinde takmynan 114,3 müň dollar) bölüp bermek planlaşdyrylýar diýip, Merkezi saýlaw komissiýasynyň ikinji gün geçiren mejlisinde habar berildi.

MSK "Habar” agentliginiň bazasynda telewideniýe çekişmelerini geçirmek baradaky karary 30-njy dekabrda kabul edendigini aýtdy.

Ilkinji iki tapgyrda planlaşdyrylan telewideniýe çekişmeleri "Gazagystanyň ykdysady ösüşi" we "Raýatlaryň sosial abadançylygy" diýen temalarda geçiriler.

Soňky, üçünji tapgyr çekişmä gatnaşyjylar saýlawçylara ýüzlener. “Adal” (öňki Birlik) partiýasynyň adyndan bu çekişmelere syýasy geňeşiň agzasy gatnaşar.

Mejlise, parlamentiň aşaky palatasyna we ýerli wekilçilikli maslhatlara saýlawlar 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna bellendi.

Saýlawlara häkimiýetdäki partiýa we hökümete tarapdar dört gurama gatnaşýar.

Bäş partiýanyň partiýa sanawyna mejlisiň deputatlygyna jemi 312 kandidat girizildi.

Merkezi saýlaw topary geçen hepde maslhatlara saýlawlar üçin 832 partiýa sanawyny, şol sanda Aul partiýasyndan - 158, Nur Otandan - 216, Adaldan - 215, Ak joldan - 174, Halk partiýasyndan (ozal Gazagystanyň Kommunistik Halk Partiýasy) – 69 kandidaty hasaba alandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG