Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Owganystan boýunça wekili Zalmaý Halilzad Türkmenistana barar


Zalmaý Halilzad
Zalmaý Halilzad

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili, ilçi Zalmaý Halilzad Owganystana, Pakistana, Katara we Türkmenistana ugrady diýip, “Orient” neşiri ABŞ-nyň Döwlet departamentine salgylanyp habar berýär.

Ýokary derejeli amerikan diplomatynyň sapary baradaky maglumat ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň web sahypasynda çap edildi. Şu aralykda Halilzad sişenbe güni irden Kabula geldi we Owganystanyň tanymal harby we syýasy işgärlerinden biri Abdul Rasul Saýýaf bilen duşuşdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Halilzadyň Kabuldaky owgan liderleri bilen duşuşjakdygyny we ABŞ-nyň owgan halkyna we howpsuzlyk güýçlerine goldawyny tassyklajakdygyny aýtdy.

Saparyň dowamynda Halylilzadyň Owganystandaky parahatçylygy saklamaga kömek etjek sebit gatnaşyklaryna, söwdany we ösüşi giňeltmek meýilnamalaryna we taslamalaryna goldaw bermegi dowam etdirjekdigi bellenilýär.

"Ol Doha şäherinde iki sany owgan topary bilen duşuşar, olara goldaw berer we parahatçylyk prosesini çaltlaşdyrmak, zorlugyň we atyşygyň haýal etmän azaldylmagy, syýasy ylalaşyk we häkimiýeti bölüşmek barada gysga wagtda şertnama gol çekilmegi üçin ABŞ-dan goldaw teklip eder” diýip, Döwlet departamentiniň beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG