Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp ABŞ-nyň Kapitol binasyndaky zorlugy ýazgaryp, Baýdeniň prezident boljakdygyny aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Kapitol polisiýasy ofiser  Braýan Siknikiň Kongres binasynda bolan bidüzgünçilikler wagtynda, nobatçy bolanda düşen ýarasy sebäpli ölendigini habar berdi. Hukuk goraýjy edara Siknikiň demonstrantlar bilen fiziki taýdan gapma-garşy bolanda ýaralanandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ikinji impiçment howpy hem-de wezipesinden derrew aýrylmagyny talap edýän çagyryşlar bilen ýüzbe-ýüz bolup, 7-nji ýanwarda bir gün öň ABŞ-nyň Kapitol binasynda bolup geçen ganly zorlugy ýazgarýan wideosynda ýaraşyk äheňinde gürledi we saýlanan prezident Jo Baýdeniň administrasiýasyna düzgünli geçişi üpjün etmek wadasyny berdi.

Iki aýdan gowrak wagt bäri Baýdeniň ýeňşini kabul etmekden ýüz öwren we ýeňlendigini hiç haçan boýun almajakdygyny tekrarlan Tramp Kongresiň Saýlaw kollegiýasynyň netijelerini tassyklandygyny, “täze administrasiýanyň 20-nji ýanwarda inagurasiýa ediljekdigini”, öz ünsüniň indi häkimiýetiň yzygiderli, tertipli we bökdençsiz geçmegini üpjün etmeklige gönükdirilýändigini” aýtdy.

Şeýle-de ol "Amerikanyň indi iş bilen bolmak" wagtynyň gelendigini we häzirki pursatyň "bejeriş we ýaraşyk talap edýändigini" aýtdy.

Tramp Kapitoldaky zorlugy Amerikan demokratiýasyna şek ýetiren "aýylganç hüjüm" diýip häsiýetlendirdi we bu ýagdaýyň özünde “gahar-gazap döredendigini” hem sözüne goşdy.

Bu beýanat 3-nji noýabrdaky ses berişlikde ýeňiş gazanandygyny we, hiç bir subutnama getirmezden saýlawda giň ýaran galplyga ýol berlendigini öňe süren, kineli bölünişige sebäp bolan we saýlaw prosesine ynamsyzlyk döreden Tramp üçin düýpden başga tarapa öwrülmek boldy. Onuň saýlawda galplyga ýol berlendigi barada eden şikaýtlary sudlar tarapyndan ret edildi.

Kapitoldaky zorluk, 7-nji ýanwarda yglan edilen maglumata görä, Kapitol polisiýa öfiseriniň ölümi bilen, bäş adamyň heläk bolmagyna getirdi.

Kapitol polisiýasy ofiser Braýan Siknikiň Kongres binasynda bolan bidüzgünçilikler wagtynda, nobatçy bolanda düşen ýarasy sebäpli ölendigini habar berdi. Hukuk goraýjy edara Siknikiň demonstrantlar bilen fiziki taýdan gapma-garşy bolanda ýaralanandygyny aýtdy.

Beýleki ölenleriň biri demonstrantlaryň arasynda bolan we hukuk goraýjy edaranyň işgäri tarapyndan atylan aýaldy. Häkimiýetler "adatdan daşary saglyk ýagdaýlary" sebäpli ýene üç adamyň ölendigini aýtdylar.

Kanun çykaryjylaryň käbiriniň, şol sanda käbir partiýadaşlarynyň zorluga meçew bermekde aýyplaýandygyna garamazdan, Tramp özüniň bäş adamyň ölümine getiren baş-başdaklykda oýnan roluny boýun almady.

Ol wideoda öz goldawçylaryna "lapykeç bolandyklaryny" bilýändigini aýtdy we syýasaty dowam etdirmek niýetini ýaňzytdy.

"Siziň prezidentiňiz bolup hyzmat etmek meniň üçin ömürlik abraý" diýip, Tramp sözüni dowam etdirdi. Ol öz “ajaýyp goldawçylarynyň hemmesine” ýüzlenip, “siziň göwnüňiziň galandygyny bilýärin, ýöne biziň ajaýyp syýahatymyzyň ýaňy başlanýandygyny bilmegiňizi isleýärin" diýdi.

Wekiller öýüniň spikeri Nensi Pelosi (Demokrat-Kaliforniýa), Senatdaky azlyklaryň lideri Çak Şumer (Demokrat-Nýu-Yorkork) Trampyň derhal iş başyndan aýrylmagyna ýa-da impiçment edilmegine çagyrdy.

Pelosi metbugat ýygnagynda "Eger-de wise-prezident we hökümet herekete geçmese, Kongres impiçment çärelerine başlamaga taýyn bolup biler" diýdi.

Trump 2019-njy ýylda jogapkärçilige çekildi, ýöne Senat geçen ýyl oňa bildirilen aýyplamalary aýyrdy.

Demokratik kanun çykaryjylaryň ýene birnäçesi hökümeti Trampy wezipesinden boşatmak üçin 25-nji düzedişi ulanmaga çagyrdy, ýöne munuň üçin wise-prezidentiň we hökümetiň köp agzasynyň prezidentiň işe laýyk däldigini yglan etmegi gerek.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG