Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2021-nji ýylda Merkezi Aziýada nähili syýasy wakalar hem möhüm çäreler göz öňünde tutulýar?


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

PANDEMIÝADAN SOŇ GELJEK «TÄZELIK»

Geçen ýylda Merkezi Aziýanyň awtoritar ýurtlary pandemiýa bilen baglanyşykly girizilen karantin bahanasy bilen dürli yzarlamalary güýçlendirdi, bu bolsa halkara guramalarynyň tankytlaryna sebäp boldy.

Epidemiýa döwründe Merkezi Aziýada maşgaladaky zorlugyň köpelendigi göze ildi, öz janyna kast edenleriň sanynyň artmagy alada döretdi. Bu aralykda, pandemiýa döwründe Gazagystanda möhüm kanunlar kabul edildi, Özbegistanda bolsa metbugata gözegçilik güýçlendirildi. Türkmenistanda şu ýyldan başlap gazet-žurnallary sanly formata geçirmek göz öňünde tutulýar.

Koronawirusyň ýekeje ýüze çykmasyny-da ykrar etmedik Türkmenistandan başga sebitdäki ýurtlar koronawirusyň ýokuşmagy we onuň getiren ölüm netijelerine takyk mukdarda baha berip bilmediler. Diňe Gyrgyzystanda iýul aýyndan bäri koronawirus we pnewmoniýa keselleri baradaky maglumatlar birleşdirilip mälim edildi. Merkezi Aziýada koronawirusyň ýokuşan adamlaryň sany jedelleriň döremegine sebäp bolansoň, pandemiýanyň pidalaryny sanap başlaýan alternatiw çeşmeler peýda boldy.

Şu ýyl Türkmenistan koronawirusa garşy göreş çäreler barada maslahat geçirmegi teklip etdi. COVID-19 bilen göreşmek babatynda gözlegleri we taslamalary ara alyp maslahatlaşjak medisina alymlaryň Halkara forumynyň 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda, Türkmenistanda geçirilmegi mümkin.

2020-nji ýylda bolşy ýaly, üstümizdäki täze ýyl hem Merkezi Aziýadaky sebitara ýygnaklaryň köpüsi pandemiýanyň şertleri sebäpli onlaýn ýagdaýynda geçiriler. Bu "täzelik" sebäpli, sammitleriň we ýygnaklaryň haýsy ýurtda geçiriljeginiň ähmiýeti bolmaz.

Bularyň hemmesi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda bolup geçýär. Geçip barýan 30 ýyl Gyrgyzystandan başgasynda, Merkezi Aziýanyň prezidentleriniň döwleti uzak wagtlap dolandyran döwri hökmünde, awtoritar ulgamyň döremegi bilen ýatda galar.

BIR ÝYLDA BÄŞ SAÝLAW

Geçen ýyl Merkezi Aziýada bäş saýlaw: Özbegistanda parlamentiň aşaky palatasyna, Gazagystanda parlamentiň ýokarky palatasyna, Täjigistanda parlamente hem prezidentlik wezipesine, Gyrgyzystanda parlamente saýlawlar geçirildi. Bu ýyl hem ýene bäş saýlaw bolar. Üç ýurtda parlament saýlawlary, iki ýurtda hem prezident saýlawlary gelýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty konstitusiýa taýdan ýurduň «iň ýokary wekilçilikli guramasyna öwrülensoň», ýagny parlamentiň ýokarky palatasy bolansoň, oňa mart aýynda saýlawlar geçiriler. Halk Maslahaty 56 deputatdan ybarat; her welaýatdan we Aşgabat şäherinden sekiz wekilden saýlanar, ýene sekiz adam prezident tarapyndan bellener.

Mundan öňinçä, 10-njy ýanwarda Gazagystanda mejlisiň aşaky öýüne – parlamente saýlawlar geçýär, Gyrgyzystanda bolsa prezident saýlawlary geçýär. Şol gün Gazagystanda ýerli maslahatlara saýlawlar hem geçiriler. Gyrgyzystanda, irki prezident saýlawlaryndan başga, saýlawçylar hökümet görnüşini üýtgetmek boýunça referenduma ses bererler.

Gyrgyzystanda hökümet görnüşini üýtgetmek we täze konstitusiýanyň kabul edilmegi hökümet çalşylandan soň, oktýabr aýyndan bäri dürli jedelleri döredip gelýär. Şeýle şertlerde Gyrgyzystanda ýene bir saýlaw – parlamente saýlawlar hem geçiriler.

Özbegistanda hem nobatdaky prezidentlik saýlawlary ýakynlaşyp gelýär. Şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek saýlawlara şu wagta çenli syýasatçylaryň hiç biri gatnaşmak isleýändigini mälim etmedi. 2016-njy ýylda Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Kerimow ölenden soň, Senatyň başlygy Nigmatulla Ýuldaşew wagtlaýynça prezidentiň wezipesini alyp barmalydy. Şeýle-de bolsa, ol özüniň "tejribesizdigine" salgylanyp, prezidentiň wezipesini ýerine ýetirmekden ýüz öwürdi hem şol wagtky premýer-ministr Şawkat Mirziýaýewe döwlet ygtyýarlygyny berdi. Mirziýaýew saýlawlar wagtynda 88%-den gowrak ses aldy.

Şawkat Mirziýaýew häkimiýet başyna gelende, reformalary amala aşyrmak üçin hereket etdi. Kerimowyň döwründe daşarky dünýäden üzňelikde galan Özbegistan Merkezi Aziýadaky goňşulary bilen gatnaşyklaryny gowulaşdyryp başlady. Daşkent daşary syýasatda Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen gatnaşyklara ilkinji nobatda aýratyn ähmiýet berdi. Düýpli üýtgeşmeler içerki syýasata – maliýe, salgyt, ykdysadyýet we bilim pudaklaryna-da täsir etdi.

Şeýle-de bolsa, Mirziýaýewiň döwründe kadrlar meselesinde düýpli üýtgeşme bolmady. Özgertmeleriň köpüsi awtoritar häsiýetde geçdi. Mirziýaýew prezidentlige girişende, hökümet işgärlerine ýurda bir-iki ýylyň içinde reformalary geçirmegiň garaşýandygyny aýtdy. Olaryň reforma geçirmelidigini ýa-da gitmelidigini duýdurdy.

ILAT ÝAZUWY

Şu ýyl Merkezi Aziýanyň iki ýurdy ilat ýazuwyny geçirmekçi. Iki ýyl mundan owal Gazagystanda geçirilmeli ilat ýazuwyny şu ýylyň oktýabr aýynda geçirmek nazarda tutulýar. Ilat ýazuwy öňki prezident Nazarbaýewiň 2019-njy ýylda wezipeden çekilmegi hem-de möhletinden öň prezident saýlawlarynyň geçirilmegi sebäpli 2020-nji ýyla yza süýşürildi. Ýöne geçen ýyl ilat ýazuwy ýene yza süýşürildi – soňky gezek oňa pandemiýa sebäp boldy.

Gyrgyzystanda hem ilat ýazuwy koronawirus pandemiýasy sebäpli 2021-nji ýyla çenli yza süýşürildi. Täjigistan bolsa geçen ýylky ilat ýazuwynyň netijelerini bu ýyl yglan etmegi meýilleşdirýär.

Özbegistan garaşsyzlyk alaly bäri ilat ýazuwyny geçirmedik ýeke-täk ýurtdur. Daşkentiň 2022-nji ýylda ilat ýazuwyny geçirmek düzgünini tassyklandygyna garamazdan, ýene bir ýyl yza süýşürilip, indi 2023-nji ýyla meýilleşdirildi. Şeýle-de bolsa, şu ýylyň noýabr aýynda Özbegistan birnäçe etrapda synag ilat ýazuwyny geçirer. Türkmenistanda ilat ýazuwy 2022-nji ýyla meýilleşdirilýär.

SAMMITLER

Şu ýyl Türkmenistan Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň 3-nji sammitini kabul edip biler. Geçen ýylda Bişkekde geçirilmeli sammit Gyrgyzystandaky tolgunyşyklar sebäpli nämälim möhlete yza süýşürildi.

Ilki bilen Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň bu ýygnagy Nowruz baýramçylygyndaky duşuşyk hökmünde ýola goýlupdy. Birinji duşuşyk Nowruz baýramynyň üstünde, Gazagystanyň täze paýtagty Astanada geçirilenem bolsa, ikinji ýygnak prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň wezipeden çekilmegi bilen baglanyşykly 2019-njy ýylyň noýabrynda, Daşkentde geçirildi.

2021-nji ýylda Nur-Sultan şäherinde Ýewraziýa Ýokary Ykdysady Geňeşiniň mejlisi geçiriler. Nazarbaýewiň Gazagystana 30 ýyl çemesi hökümdarlygyndan soň, onuň maşgala agzalary jedelli emläkleriň eýelerine öwrüldi, şeýle-de bolsa öňki prezident N. Nazarbaýew Ýewraziýa Ýokary Ykdysady Bileleşiginiň, şeýle hem Merkezi Aziýa liderleriniň Maslahat geňeşiniň «hormatly başlygy» wezipesine bellendi.

Şu ýyl Täjigistanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýubileý sammiti geçiriler. Owal başdan “Şanhaý bäşligi” diýlip atlandyrylýan Hytaý bilen Russiýanyň girýän bileleşigi häzir 20 ýaşady. Onuň agzalary Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Pakistan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan.

Şu ýyl Duşenbe Moskwanyň agalyk edýän Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň sammitini geçirmek bellenýär. Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa we Täjigistan bu gurama agza bolup durýarlar.

HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ GEÇIRJEK ÇÄRELERI

2021-nji ýylda Hazarýaka döwletleriniň geçirjek çäreleri Merkezi Aziýadan Gazagystan bilen Türkmenistany öz içine alar. 2021-nji ýyla Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň altynjy sammiti meýilleşdirilýär.

2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen bäşinji sammitde Hazar deňziniň hukuk durumy barada köpden bäri ara alnyp maslahatlaşylan konwensiýa gol çekildi. Şeýle-de bolsa, bu status Kaspiniň ýakasyndaky bir ýurtda – Eýranyň jemgyýetinde nägilelik döretdi.

Şu ýyl Aşgabat şäherinde Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň altynjy ýygnagyny geçirmek planlaşdyrylýar. 2002-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagtynda Hazarýaka döwletleriniň ilkinji sammiti geçirilipdi.

Mundan başga-da, şu ýyl Moskwada Hazarýaka döwletleriniň Ikinji ykdysady forumyny geçirilmek meýilleşdirilýär. Owal başda bu çäräni Russiýanyň Astrahan şäherinde geçirmegi planlaşdyrdylar, soňra bolsa forumyň Moskwada geçiriljekdigi mälim ebildi.

Material Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG