Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul. Ýol ýakasyndaky bomba üç adamy, şol sanda howpsuzlyk güýçleriniň sözçüsini öldürdi


Kabul, ulag bombasynyň partladylan ýeri. 31-nji dekabr, 2020.
Kabul, ulag bombasynyň partladylan ýeri. 31-nji dekabr, 2020.

Owganystanyň jemgyýetçilik gorag güýçleriniň metbugat sekretary paýtagt Kabulda 10-njy ýanwarda, ulagy ýol ýakasyndaky bombanyň üstünden baranda, ýene iki adam bilen heläk boldy.

Ýurduň içeri işler ministriniň metbugat sekretary irden ýüze çykan partlamada başga bir ýolagçynyň hem ýaraly bolandygyny aýtdy.

Belli birini nyşana almak üçin guralana meňzeýän hüjümiň jogapkärçiligini birbada hiç kim öz üstüne almady.

Emma prezident Aşraf Gani "terrorçylykly hüjümi" berk ýazgarmak bilen, bu işde “Talybany”, Owganystanyň resmileriniň Katarda gaýtadan parahatçylyk gepleşiklerine başlan toparyny günäkärledi.

"Talyban" tarapyndan amala aşyrylýan zorluklaryň artmagy parahatçylyk üçin ygrarlylyk ruhuna garşy gelýär we bu toparyň şindi hem bigünä adamlary öldürmek we jemgyýetçilik desgalaryna zeper ýetirmek ýaly jeňçilik garaýyşlaryny dowam etdirýändigini görkezýär” diýip, prezidentiň edarasy Twitter arkaly Ganiniň aýdan sözlerini sitirledi.

Zia Wadan öňki žurnalist bolup, Içeri işler ministrliginiň jemgyýetçilik gorag güýçleriniň metbugat sekretary bolup işleýärdi.

XS
SM
MD
LG