Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

 Indoneziýada ýykylan uçaryň gara guty ýazgylary tapyldy


Ýolagçy uçarda 62 ýolagçy we ekipaž agzalary wepat boldy.
Ýolagçy uçarda 62 ýolagçy we ekipaž agzalary wepat boldy.

Indoneziýa paýtagt Jakartadan uçandan soň deňze ýykylan “Sriwijaya Air” uçarynyň gara guty ýazgylarynyň tapylandygyny aýdýar.

Ýolagçy uçarda 62 ýolagçy we ekipaž agzalary wepat boldy. Bu uçar 8-nji ýanwarda Jakartadan Kalimantana tarap ýola düşeninden dört minut soň radar ekranlaryndan ýitirim boldy.

Sonar enjamlary uçaryň signalyny tutanlaryndan soň, Indoneziýanyň resmileri harby çümüjileriň Jawa deňzinde, 25 metr çemesi çuňlukda uçar galyndylarynyň böleklerini görendiklerini aýtdy.

Gözleg we halas ediş işleri netijesinde biraz öň adamlaryň beden bölekleri we Boeing 737-500 kysymly uçaryň güman edilýän galyndylary tapyldy.

“FlightRadar24” gözegçilik gullugynyň maglumatlary uçaryň uçuşdan soňky bir minutdan hem az wagt içinde, 75 metr aşak düşmezden ozal, 3350 metre golaý belentlige göterilendigini görkezdi.

Bu heläkçilik Indoneziýada 2018-nji ýylda “Lion Air Boeing 737 Max 8” uçarynyň uçran heläkçiliginden soň bolan ilkinji uly uçar hadysasy boldy.

2018-nji ýyldaky heläkçilikde 189 ýolagçynyň we ekipaž agzalarynyň ählisi wepat boldy.

XS
SM
MD
LG