Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus protestleri altynjy aýyna girýär, Lukaşenka wadalaryny gaýtalaýar


Belaruslar tans edýär. Minsk, 9-njy ýanwar, 2020

Belarusda režime garşy nägilelikler esasynda ýaýbaňlanan protest çäreleri altynjy aýyna girdi, Aleksandr Lukaşenka şu ýylyň ahyryna çenli täze konstitusiýany taýýarlamak we ony referenduma goýmak baradaky öňki wadalaryny gaýtalady.

66 ýaşly Lukaşenkanyň şuňa meňzeş wadalary içerki oppozisiýa tarapyndan wagt utmak taktikasy hökmünde ret edilýär.

Rus telewideniýesi arkaly berlen soňky wada, polisiýa we howpsuzlyk güýçleri tarapyndan zorlukly basylyp ýatyrylmak howpuna garamazdan, 10-njy ýanwarda ýurduň çar künjeginde geçirilýän dürli-dürli protest çäreleri sebäpli berildi.

10-njy ýanwarda Minskde we beýleki şäherlerde her hepde ýekşenbe güni geçirilýän oppozisiýa demonstrasiýalaryna gatnaşmaga meýilli adamlary gorkuzmak üçin howpsuzlyk işgärleri köçelere çykaryldy. Käbir ýagdaýlarda, protestçileriň badyny almak maksady bilen, polisiýa işgärleri adamlary tussag etmek üçin çalasyn hereket etdiler.

9-njy awgustda geçirilen saýlawlardan soň altynjy prezidentlik möhletine ýeňiş gazanandygy yglan etmegi, köpçülikleýin tussag edilmelere, protestçileriň gazaply urlup-ýenjilmelerine garamazdan, Lukaşenkanyň garşysyna görlüp-eşidilmedik oppozisiýany garşylygyny döretdi.

Lukaşenka 14-nji ýanwarda başlaýan prawoslaw Täze ýylynyň öňüsyrasynda Russiýanyň döwlet telewideniýesi tarapyndan ýazga geçirilen söhbetdeşlikde üýtgeşmeler barada ýene bir gezek gürrüň etdi, ýöne olaryň anyk näme bolup biljekdigini aýtmakdan saklandy.

"Geljek ýylyň ahyryna çenli täze konstitusiýanyň taslamasy taýýar bolar diýip pikir edýärin" diýip, TASS onuň sözlerini sitirledi. “Soňra adamlar referendumda täze konstitusiýanyň kabul etmelimi ýa däl diýen meseläni çözerler” diýip, Lukaşenka aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG