Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Üýtgeşiklik umydy az, býulletenlerde oppozisiýa ýok, gazaklar täze parlament üçin ses berýär


Polisiýa protestçileri tutýar. Almaty, 10-njy ýanwar, 2020.
Polisiýa protestçileri tutýar. Almaty, 10-njy ýanwar, 2020.

Nur Otanyň, öňki awtoritar prezident Nursultan Nazarbaýewiň 1999-njy ýyldan bäri dolandyryjy partiýa bolan guramasynyň, Nazarbaýew iki ýyl ozal prezidentlikden çekilip, jemgyýetçilik roluny biraz peselden hem bolsa, Mejlisdäki, parlamentiň aşaky palatasyndaky agalyk ornuny saklamagyna garaşylýar.

Tebigy serişdelere baý Gazagystanyň saýlawçylary, çynlakaý garşylyk görkezmezden, 10-njy ýanwarda günortana golaý ses bermeklerini dowam etdirdler, hökümet tankytçylary saýlaw güni ähliumumy protestlere çagyrýandyklaryny aýtdylar.

Ýurduň iň uly şäheri Almatyda, demonstarsiýalaryň planlaşdyrylan ýerinde býulletenler gutulara taşlanýan wagty internetiň petiklenendigi habar berildi.

Azyndan üç uly şäherde, şol sanda paýtagt Nur-Soltanda onlarça aktiwist tussag edildi we garaşsyz synçylaryň käbir saýlaw uçastoklaryna girmeginiň gadagan edilendigi barada maglumat bar.

Gadagan edilen oppozisiýa partiýalarynyň azyndan biri paýtagt Nur-Soltanda öýleden soň protest ýörişini geçirmäge çagyrdy. Polisiýa bu ýörişe gelen demonstrantlary gabady we ondan gowrak adamy tussag etdi.

Nur-Soltanda birnäçe aktiwist öýlerinden alnyp gaçyldy.

Ses berişlik dowam edýär.
Ses berişlik dowam edýär.

Nur Otanyň, öňki awtoritar prezident Nursultan Nazarbaýewiň 1999-njy ýyldan bäri dolandyryjy partiýa bolan guramasynyň, Nazarbaýew iki ýyl ozal prezidentlikden çekilip, jemgyýetçilik roluny biraz peselden hem bolsa, Mejlisdäki, parlamentiň aşaky palatasyndaky agalyk ornuny saklamagyna garaşylýar.

Saýlawlara Nur Otan bilen birlikde ýene dört partiýa, hökümete wepaly Adal (Dogruçyl), Aul (Oba), Ak jol (Açyk ýol) we Halk partiýasy (öňki Kommunistik Halk Partiýasy) gatnaşýar.

Özüni oppozisiýa topary diýip atlandyrýan ýeke-täk resmi partiýa, Bütin Milli Sosial Demokratik Partiýa (OSDP) noýabr aýynda saýlawlary boýkot edýändigini yglan etdi.

Boýkotyň sebäbi Gazagystanyň syýasy meýdanynda “şol bir” syýasy elitanyň agdyklyk etmegi bilen düşündirildi.

Garaşsyz synçy Rolan Mukhitžan Nur-Sultanda tussag edildi.
Garaşsyz synçy Rolan Mukhitžan Nur-Sultanda tussag edildi.

Ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasy saýlawçylaryň takmynan 12 göteriminiň ýerli wagt bilen ir sagat 10-da ses berendigini aýtdy.

Gazagystanyň azyndan üç sebitinde, şol sanda Türküstan we Şimkende synçylar saýlaw uçastoklaryna girmekleriniň öňüni alýandyklaryny aýtdylar.

Beýleki garaşsyz synçylar ozal saýlaw işgärleriniň, häkimiýet wekilleriniň esasy koronawirus synaglaryndan geçmekde päsgelçilik döredendiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG