Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň kongressi Trampy şu hepde Ak Tamdan çykarmaga synanyşýar

Wekiller palatasynyň başlygy Nensi Pelosi
Wekiller palatasynyň başlygy Nensi Pelosi

ABŞ-nyň wekiller palatasyndaky demokratlar prezident Donald Trampy edarasyndan çykarmaga synanyşýarlar we wise-prezidenti hem Ministrler Kabinetini ony impiçment arkaly çetleşdirmek üçin öz ygtyýarlyklaryndan peýdalanmaga çagyrýarlar.

Wekiller palatasynyň başlygy Nensi Pelosiniň bu barada 10-njy ýanwarda kanun çykaryjylara iberen haty prezidentiň Kapitoliýa garşy ganly hüjüme çagyrmakdaky roly sebäpli wezipedäki soňky günlerinde özüne garşy basyşyň we izolýasiýanyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýan pursadyna gabat geldi.

Demokratlar tarapyndan dolandyrylýan ABŞ-nyň wekiller palatasy 11-nji ýanwarda wise-prezident Maýk Pensi "Prezidentiň öz wezipesini ýerine ýetirmäge ukypsyzlygny yglan etmek üçin 25-nji goşmaçany aktiwleşdirmek ugrunda hökümeti jemlemäge" çagyrmak meselesine serederler diýip, Pelosi aýtdy.

Pelosi, Pens 24 sagadyň dowamynda jogap bermese, demokratlaryň impiçment kanunlaryny palatanyň garamagyna çykarjagyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG