Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ resmileri Baýdeniň innagurasiýasynyň öňýanyndaky ‘ýaragly protestler’ barada duýdurýarlar


Geçen hepde mähelläniň Kapitol binasyna kürsäp girmeginden soňra, Waşingtonda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär.

ABŞ-nyň Derňewler boýunça Federal Býurosy (FBI) 20-nji ýanwarda saýlanan-prezident Jo Baýdeniň innagurasiýasynyň öňýanyndaky “ýaragly protestleriň” ähtimallyklary barada duýdurýar.

Birleşen Ştatlaryň mediasynyň Federal kanun goraýjy agentliginiň ele geçiren býulleteninde ähli 50 ştatyň paýtagtlarynda we Kapitol binasynda “ýaragly protestleriň” planlaşdyrylýandygy aýdylýar.

Ştatlaryň aglabasynda ýaraglary açyk götermäge rugsat berilýär. Bu paýtagt Waşington DC degişli däl.

Býulletende protestleriň 16-njy ýanwar we 20-nji ýanwar aralygynda geçirilmeginiň mümkindigi bellenilýär.

Bu aralykda, geçen hepde mähelläniň Kapitol binasyna kürsäp girmeginden soňra, Waşingtonda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär.

Prezident Donald Trampyň öz tarapdarlaryna, hiç hili subutnama getirmezden, saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny öňe sürüp meçew berenden soňra, Kapitol binasyndaky dörän hadysada bäş adam öldi.

Derňewler boýunça Federal Býurosyna bir toparyň eger-de Tramp möhletinden ir wezipesinden çetleşdirilse, onda ştat, ýerli we federal hökümetiň sudlaryna we administratiw binalaryna hüjüm etmäge çagyryşlar baradaky maglumatlar hem gowuşdy.

ABC News we CNN gulluklarynyň ele geçiren býulleteninde toparyň Baýdeniň innagurasiýa güni ýurt boýunça hökümet binalaryna hüjüm etmäge çagyrýandygy hem nygtalýar.

Baýden 11-nji ýanwarda çykyş edip, Kapitol binasynyň daşynda kasam getirmekden howatyr etmeýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG