Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda Žaparow jebislige çagyrýar, synçylar onuň “doly adalatly bolmadyk” saýlawlarda ýeňendigini aýdýar


Sadyr Žaparow saýlawlarda sesleriň tas 79,2%-ni almagy başarypdyr.
Sadyr Žaparow saýlawlarda sesleriň tas 79,2%-ni almagy başarypdyr.

Gyrgyz milletçi syýasatçysy Sadyr Žaparow geçen hepdäniň aýagynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanandan soňra, milli jebislige çagyrdy. Gözegçiler saýlawlar “doly adalatly” geçmese-de, ses berişlikde esasy azatlyklaryň “umuman sylanandygyny” aýtdylar.

Mundan birnäçe aý ozal Žaparow adam gaçakçylygynda aýyplanyp, türmede saklanýardy. Ol mundan üç aý ozal dawaly parlament saýlawlary netijesinde turan halk gozgalaňy netijesinde azat edilipdi.

10-njy ýanwarda geçen saýlawlarda dalaşgärler “aglaba açyk kampaniýa geçirip bilen bolsalar-da”, kampaniýa “deň bolmadyk maliýe mümkinçiliklerine eýe bolan we administratiw resurslaryny kadaly ulanmadyk kandidat tarapyndan agdyklyk edildi. Bu deň bolmadyk şertleri döretdi” diýip, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik we Adam hukuklary boýunça institutynyň, şeýle-de ÝHHG-niň Parlamentar Assambleýasynyň deslapky hasabatynda aýdylýar.

Sesleriň tas ählisiniň sanalmagy netijesinde Žaparow sesleriň tas 79,2%-ni almagy başarypdyr.

Saýlawlarda 16 kandidat dalaş etdi. Žaparowdan soň Adakhan Madumarow gelýär. Ol sesleriň 6,7%-ni alypdyr.

Ses berişligiň dowamynda möhüm düzgün bozmalaryň bolandygy barada maglumat ýok. Emma Madumarow ses berişligiň irki netijeleriniň “hakykatdan bärden gaýdýandygyny” aýdyp, “adalaty kanuny ýollar bilen talap etjekdigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG