Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Zäherlenmeginden bäş aý soňra, Nawalny 17-nji ýanwarda Russiýa dolanýandygyny aýdýar


Alekseý Nawalny

Kremliň ýiti tankytçysy Alekseý Nawalny şu hepde soňy Russiýa dolanmakçydygyny aýtdy. Nawalny bäş aýlap zäherlenme hüjüminden halas bolmak üçin Germaniýada intensiw bejergi alypdy.

“Meniň öz islegim bilen terk etmändigim üçin, ‘dolanyp, dolanmazlygym’ baradaky sorag hiç haçan öňümde keserip durmandy. Men Germaniýa intesiw gutuda getirildim. 17-nji ýanwarda, ýekşenbe güni, men öýüme 'Ýeňiş' uçuşynda dolanaryn” diýip, Nawalny 13-nji ýanwarda Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Nawalny 20-nji awgustda Sibiriň Tomsk şäherinden Moskwa uçup barýarka ýarawsyzlandy we uçary Omskda plansyz gonmaga mejbur edip, gyssagly keselhana ýerleşdirilipdi. Ol soňy bilen bejergi üçin Berliniň Şarite keselhanasyna äkidilipdi.

Ýewropa ýurtlarynyň üçüsinde aýry-aýrylykda geçirilen laboratoriýa synaglary global himiki ýarag gözegçiligi tarapyndan tassyklandy we Nawalnynyň sowet görnüşli Nowiçok nerw agenti bilen zäherlenendigi mälim boldy.

Ýewropa Bileleşigi Nawalnynyň zäherlenmeginde jogapkär hasaplanýan alty sany ýokary derejeli rus resminiň garşysyna emläk doňdurmak we syýahat gadaganlygy sanksiýalaryny girizdi.

Russiýa zäherlenme barada derňew geçirmek baradaky çagyryşlary ret etdi we döwlet agentleriniň bu işe gatnaşandygyna entek hiç hili subutnama görkezilmeýändigini aýtdy.

Nawalny özüniň zäherlenmeginde Putini günäkärleýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG