Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG-niň hünärmenleri koronawirusyň gelip çykyşyny anyklamak üçin Wuhana bardylar


BSG-niň hünärmenler topary koronawirusyň gelip çykyşyny anyklamak üçin Wuhana bardy.
BSG-niň hünärmenler topary koronawirusyň gelip çykyşyny anyklamak üçin Wuhana bardy.

Bütindünýä saglyk guramasynyň bilermenleri koronawirusyň gelip çykyşy barada köpden bäri garaşylan derňew işine başlamak üçin Hytaýa bardy.

Hytaýyň döwlet mediasy on agzadan ybarat halkara hünärmenler toparynyň 14-nji ýanwarda Wuhana barandygyny habar berdi.

Olaryň şäherde bir aý töweregi galmagyna garaşylýar. Koronawirus ilkinji gezek 2019-njy ýylda Wuhanda ýüze çykdy.

Birleşen Ştatlardan, Awstraliýadan, Germaniýadan, Ýaponiýadan, Britaniýadan, Russiýadan, Gollandiýadan, Katardan we Wýetnamdan bolan hünärmenler karantin astynda öz işlerine başlarlar, olar hytaý hünärmenleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşarlar.

Geçen hepde BSG-niň baş direktory Tedros Gebreýesus saparyň gijikdirilmegine lapykeçlik beýan etdi.

Alymlar koronawirusyň ilki nädip adamlara ýokaşandygyny öwrenerler diýip, Tedros aýtdy.

Öňe sürülýän çaklamalar koronawirusyň ilki ýarganatlardan Wuhan bazarynda iýmit üçin ýa-da derman hökmünde satylýan beýleki bir haýwana, ondan hem adamlara ýokaşandygyna üns çekýär.

Hytaý hökümeti epidemiýanyň zaýalanan deňiz önümleriniň importy bilen başlanan bolmagynyň mümkindigi baradaky pikirleri öňe sürýär, halkara agentlikler we alymlar bu pikiri ret edýär.

XS
SM
MD
LG