Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Žurnalistleri Goramak boýunça Komitet Russiýanyň “daşary ýurt agenti” kanunyny ýatyrmalydygyny aýdýar


Russiýanyň telekommunikasiýa gözegçisi "Roskomnadzor" edarasynyň logosy kompýuteriň ekranynda şöhlelenýär.

Žurnalistleri Goramak boýunça Komitet (ŽGK) rus resmilerini ýurduň “daşary ýurt agenti” baradaky dawaly kanunyndan el çekmäge, şeýle-de milli telekommunikasiýa gözegçisi "Roskomnadzor" edarasyny media guramalaryna haýbat atmak we basyş etmek, şeýle hem žurnalistleri ýazgarmak üçin ulanmazlyga çagyrdy.

“Rus resmileri habar we maglumat akymyna päsgelçilik döretmek üçin dowamly täze serişdeleri we düzgünleri oýlap tapýarlar. Bu olaryň öz halkynyň bähbidiniň garşysyna edilýär” diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän media azatlygyna gözegçilik edýän guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça programma utgaşdyryjysy Gulnoza Said belledi.

ŽGK-niň belliklerinden iki gün öň, "Roskomnadzor" ýurduň jedelli daşary ýurt agentleri kanunyny bozmakda aýyplap, ilkinji sekiz administratiw protokolyny düzdi, olaryň ählisi AÝ/AR-a garşy gönükdirilen.

"Roskomnadzoryň" 12-nji ýanwarda öz web sahypasynda çap eden beýanatynda bu düzgün bozmalaryň "daşary ýurt agentiniň wezipelerini ýerine ýetirýän habar beriş serişdeleriniň özleri tarapyndan ýaýradylan maglumatlara bellik etmek baradaky kanun talaplaryny ýerine ýetirmezligi bilen" baglydygy aýdylýar.

Protokollarda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň rus dilindäki dört taslamasy – onuň Russiýa üçin esasy gullugy, Azatlyk radiosy; “Nastoýaşeýe Wremýa” (“Häzirki zaman”) TW-si we sanly tor; Sibir.Reality we Idel.Reality, Sibirdäki we Wolga-Urallardaky tomaşaçylara ýerli habarlary we maglumatlary ýetirýän iki sebit sahypasy nyşana alynýar.

Ilkibaşda 2012-nji ýylda kabul edilen "daşary ýurt agenti" kanuny bellenen guramalardan öz işleri barada hasabat bermegini we maliýe barlaglarynyň geçirilmegini talap edýär. Bu kanuna 2020-nji ýylyň dekabrynda girizilen üýtgetmeler köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, eger 'daşary ýurt agenti" diýip kesgitlenen şahslary ýa-da toparlary agzasalar, bu barada bellik etmäge mejbur edýär.

"Roskomnadzor" 12-nji ýanwarda ýaýradan beýanatynda, düzülen protokollaryň administratiw jerime salmak barada karar çykarylmagy üçin üç iş gününiň dowamynda kazyýete iberiljekdigini aýtdy. Jerimeler kärhanalar üçin 500 müň rubla ($6800) we şahsyýetler üçin 50 müň rubla ($679) çenli ýetip bilýär. Eger-de şahsyýetler “daşary ýurt agenti” baradaky kanuny bozmakda aýyplanyp, günäli tapylsalar, olaryň bäş ýyla çenli türme tussaglygyna hem höküm edilmegi mümkin.

Rus resmileri “daşary ýurt agenti” baradaky kanunyň çäklerinde ilkinji gezek jerime salýarlar.

“Moskwa özüniň repressiw haýbatlary bilen Azatlyk Radiosynyň we Nastoýaşeýe Wremýanyň näme sebäpden zerurdygyny görkezdiler” diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Ted Lipien aýtdy. “Kreml biziň ruslara we beýlekilere takyk maglumat ýetirmegimizi kynlaşdyryp biler. Emma ol biziň möhüm rol oýnamagymyzy togtadyp bilmez” diýip, Lipien belledi.

ŽGK kommentariýa sorap “Roskomnadzora” we Russiýanyň Adalat ministrligine ýüz tutandygyny, emma hiç bir jogap alyp bilmändigini aýtdy.

Moskwa 2020-nji ýylyň dekabrynda sanawa şahslary hem goşup başlady. Şeýlelikde, Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýän üç žurnalist: Lýudmila Sawitskaýa we Sergeý Markelow, Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň Demirgazyk bölüminiň (Sever.Realii) ştatdan daşary habarçylary we Pskow sebitiniň onlaýn habarlar sahypasynyň baş redaktory, Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy bilen hyzmatdaşlyk edýän Denis Kamalýagin "daşary ýurt agentleri" sanawyna goşuldy.

Resmiler dekabrda Kawkaz Times habar saýtynyň baş kompaniýasy, düýbi Çehiýada ýerleşýän “Medium-Orient” habar agentligini hem bu sanawa goşdylar.

“Medium-Orient” agentliginiň proýekt utgaşdyryjysy Islam Tekuşew ŽGK-a Russiýada hemişelik wekilhanasynyň ýa-da býurosynyň ýokdugyny aýtdy. Ol şol sebäpli gullugyň “daşary ýurt agenti” baradaky kanunyň çäklerine girmeýändigini we karary rus sudlaryna şikaýat etmekçidigini belledi.

Rus resmileri "daşary ýurt agentleri kanunyny" 2017-nji ýylda köpçülikleýin habar serişdelerini goşmak üçin üýtgetmegiň ABŞ-nyň Daşary ýurt agentlerini hasaba alyş kanuny (FARA) boýunça rus döwleti tarapyndan maliýeleşdirilýän RT kanalynyň daşary ýurt agenti hökmünde bellige alynmagyny talap etmegine berlen "simmetrik jogap" bolandygyny aýtdylar.

ABŞ resmileri bu hereketiň simmetrik däldigini, amerikan we rus kanunlarynyň tapawutlydygyny, Russiýanyň "daşary ýurt agenti" kanunçylygyny başgaça pikirleri bogmak we erkin pikir alyşmagy gadagan etmek üçin ulanýandygyny aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG