Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Fransuz prokuraturasy Sarkoziniň Russiýadan alan puluny barlaýar


Nikolas Sarkozi kazyýetde

Fransiýanyň milli maliýe prokuraturasy 5-nji gün Orsýetiň ätiýaçlandyryş kompaniýasy “Reso-Garantia” bilen baglaşan 3 million ýewrolyk şertnamasy bilen baglylykda öňki prezident Nikolas Sarkozi babatynda deslapky derňewiň başlanandygyny tassyk etdi.

Bu iş "söwda täsiri" we pul ýuwmak baradaky şübheler esasynda derňelýär.

Bu maglumat fransuz metbugatynda - Mediapart we Le Monde neşirlerinde habar berildi.

Mediapartyň maglumatyna görä, bu derňew 2020-nji ýylyň tomsunda, maliýe aňtaw gullugy prokuraturanyň ünsüni öňki prezidentiň rus kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasyna gönükdirenden soň başlandy we şindi hem dowam edýär.

Nikolas Sarkozi 2020-nji ýylyň başynda, bir ýyl ozal gol çekilen we 3 million ýewro möçberinde konsultasiýa hyzmatlary bolan şertnamanyň çäginde 500 müň ýewro töleg aldy.

“Reso-Garantianyň” egindeş eýeleri Sergeý we Nikolaý Sarkisowlar Mediapartyň soraglaryna jogap berip, Sarkozini “ýörite geňeşçi” we kompaniýanyň maslahat geňeşiniň başlygy edip işe alandyklaryny tassyk etdi.

"Adalat ulgamy öňki döwlet baştutanynyň diňe geňeşçi hökmünde, ýagny doly kanun esasynda çykyş edendigini ýa-da rus oligarhlarynyň bähbitlerini gorap, jenaýatçylykly lobbistlige gatnaşyp-gatnaşmandygyny anyklamak isleýär" diýip, Mediapart ýazýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG