Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň aklawçysy onuň üzňe saklanýandygyny aýdýar


Alekseý Nawalnyý, Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunyň pasport gözegçiliginde. 17-nji noýabr, 2021.
Alekseý Nawalnyý, Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunyň pasport gözegçiliginde. 17-nji noýabr, 2021.

17-nji ýanwarda Germaniýadan Orsýete gaýdyp baran Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnyý, Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunda kanun goraýjy edaralar tarapyndan tussag edilenden soň üzňelikde saklanýar diýip onuň aklawçylary aýdýar.

Aklawçylaryň 18-nji ýanwarda aýtmagyna görä, Kremliň tankytçysy howa menziliniň golaýyndaky polisiýa merkezine äkidileli bäri, onuň bilen gatnaşyga rugsat berilmeýär we onuň ýagdaýy nämälim galýar.

18-nji ýanwarda Nawalnynyň Korrupsiýa garşy gaznasynyň (FBK) müdiri Iwan Ždanow we onuň metbugat sekretary Kira Ýarmyş Nawalnynyň Himki şäherindäki Içeri işler bölüminde saklanýandygyny habar berdiler.

Polisiýa 44 ýaşly Nawalnyny 17-nji ýanwarda aeroportuň pasport gözegçilik otagyndan alyp gitdi.

Orsýetiň türmelere gözegçilik edýän gullugy FSIN Nawalnynyň tussag edilmeginiň sebäbini onuň 2014-nji ýylda hyýanatçylykda aýyplanyp, jenaýat gözegçilerinden gaçmak bilen baglanyşykly şertli höküminiň düzgünlerini "köp bozandygy" bilen düşündirdi.

Nawalnyý şertli türme tussaglygynyň möhletini bozandygy üçin 3,5 ýyl azatlykdan mahrum edilip bilner.

ABŞ, Germaniýa, Britaniýa, Ýewropa Bileleşigi, Kanada, şeýle-de ABŞ-nyň prezidenti wezipesine saýlanan Joe Baýdeniň baş kömekçisi hem-de adam hukuklaryny goraýjy toparlar Nawalnynyň tussag edilmegini dessine ýazgardylar we boşadylmagyny talap etdiler.

XS
SM
MD
LG