Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

'Australian Open' ýaryşyna baran azyndan 72 sportsmen koronawirus testinden soň karantine salyndy


"Australian Open" tennis ýaryşy

"Australian Open" tennis ýaryşyndan öň azyndan 72 tennisçi karantine salyndy. Bu oýunçylary, tälimçileri, wezipeli adamlary we metbugat wekillerini Melburna alyp baran çarter uçarynda bäşinji adamda COVID-19 keseliniň test arkaly anyklanmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Oýun möwsümini açýan "Australian Open" esasy tennis ýaryşynyň guraýjylary, soňky oňyn synagyň Kataryň Doha şäherinden Melburna baran uçarda bir ýolagçyda tassyklanandygyny mälim etdiler.

Pozitiw testli adamyň oýunçy ýa-da sport toparynyň agzasy bolmandygyna garamazdan, 58 ýolagçy, şol sanda 25 oýunçy myhmanhanadaky otaglaryndan çykyp bilmeýär we 14 günläp türgenleşmeýär.

Mundan öň Los Anjelesden we Abu Dabiden baran uçarlarda baranlaryň arasynda üç sany pozitiw testiň anyklanmagyndan soň 47 oýunçy eýýäm berk karantine alyndy.

Karantinde saklanýan sportsmenleriň birnäçesi, şol sanda rumyniýaly Sorana Sirstea we gazagystanly Ýuliýa Putintsewa bu düzgünleriň Awstraliýa gitmezden ozal başgaça bolup, Melburna baranlarynda üýtgänliginden sosial ulgamlarynda şikaýat etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG