Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Stalinskaýa", "Beriýadan". Moskwa naharhanasynyň töweregindäki jedeller


«Stal'in Doner» naharhanasy Moskwada diňe bir gün işläp bildi.
«Stal'in Doner» naharhanasy Moskwada diňe bir gün işläp bildi.
Iosif Stalin Sowet Soýuzyny 28 ýyl dolandyryp, ýowuz režimi getirdi hem öz şahsyýet kultuny döretdi. Moskwadaky onuň adyna açylan şawurma naharhanasy diňe bir gün işläp bildi.

“Stal'in Doner’iň” eýesi Stanislaw Woltman hiç kimiň göwnüne degmek islemeýändigini aýdýar. “Stal'in Doner” açylandan ertesi güni gaharly moskwalylaryň şikaýatlaryndan soň ýapyldy. Çalt nahar dükany diňe 24 sagat işläp bildi.

Woltmanyň aýtmagyna görä, ony polisiýa bölümine alyp gidip, üç sagatlap sorag edipdirler.

«Olar menden hatda kellämde bir şikesiň ýokdugyna çenli soradylar» diýip, Woltman Azatlyk Radiosy bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde aýtdy.

Woltmanyň sözlerine görä, Moskwanyň demirgazygyndaky Koptewo etrabynda ýerleşen bu sadaja garbanyşhanada şol ilkinji we ýeke-täk soňky gününde 200 nahar şawurma satylypdyr. Menýu girizilen ýazgyda diktatoryň we onuň tanymal garabagtly gullukçysynyň hormatyna: "Staliniň goşa etli şawurmasy” hem-de "Beriýadan tkemali – alçaly sous" atlary görkezilipdir. Ol naharlary millionlarça sowet graždanlaryny Sibir sürgünligine iberen ýa-da atuwa tabşyran Stalin zamanyndaky NKWD gullukçysynyň formasyndaky aşpez taýýarlapdylar.

Woltmanyň üç işgäri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gyzyklanýan naharhanasynda işlemek islemeýändikleri aýdyp, işini taşlady. Naharhananyň hojaýyny işini ýaňadan ýola goýmak üçin, täze işgär gözleýär.

«Meniň markamyň ýüzi Gitler däl ahyryn – diýip, Woltman Russiýada nasist nyşanlaryň gadagan edilmegi baradaky kanuny göz öňünde tutýar. – Men hiç hili kanuny bozmadym».

Kreml birnäçe ýyl bäri Staline garşy bir taraply bolmadyk syýasaty alyp barýar, ol bolsa öz döwründe garşydaşlaryny berk jezalandyrypdy, ýüz müňlerçe sowet graždanlaryny türmä basypdy. Wladimir Putiniň prezidentligi döwründe, Staliniň zalymlygy aklanmady ýa-da ýazgarylmady.

Kämahal resmiler Staliniň abraýyny goramak üçin, elinden gelenini edip, ony Russiýanyň Sowet döwletiniň jenaýatlaryny ýada salmalydygyny, ýogsa ýaňadan gaýtalanjakdygy bilen düşündirdiler.

2018-nji ýylda hökümet resmileri Britaniýanyň «Staliniň ölümi» komediýasynyň Russiýada görkezilmegini gadagan etdiler. Ol filmde diktatoryň ömrüniň soňky günleri we onuň töweregindäkileriň häkimiýet ugrundaky barlyşyksyz göreşi suratlandyrylýardy. 1944-nji ýylyň wakalaryna dolanyp, Sowuk uruş barada gürrüň berýän «Nomer 44» trilleri hem 2015-nji ýylda Russiýada "taryhy faktlary ýoýmakda" aýyplandy.

Şol wagtky Russiýanyň Medeniýet ministri Wladimir Medinskiý: "Şeýle filmler biziň ýurdumyzda köpçülikleýin tomaşa ýerlerinde görkezilmeli däldir" diýdi.

Russiýadaky Staliniň tarapdarlary Sowet Soýuzynyň başky ýyllarda çalt senagatlaşandygyny, industriýany çalt diklemek üçin, onuň şeýle berk syýasata esaslandygyny aýdýarlar. Şeýle hem Staliniň tarapdarlary Sowet Soýuzynyň Ikinji jahan urşunda nasist Germaniýasynyň ýeňilmegine goşan goşandyna Staliniň lider hökmündäki ygtyýarlygyny subutnama hökmünde öňe sürýärler. Tankytçylar bolsa Staliniň goýberen ýalňyşlaryna garamazdan, Sowet Soýuzynyň ýeňiş gazanandygyny aýdýarlar.

Bu syýasatyň netijesi ýuwaş-ýuwaşdan emele geldi, ýöne diktatoryň yzygiderli dikeldilmegi boldy. Stalinden soň hökümeti alan Nikita Hruşew 1956-njy ýylda Syýasy býuronyň öňünde eden ýangynly çykyşynda, Staliniň galyndylaryny berk ýazgaranam bolsa, häzirki wagtda orsýetlileriň has köprägi onuň hereketlerini makullaýar.

Şoňa görä-de, “Stal’in Doner-iň” töwereginde dörän gapma-garşylykly pikirlere Russiýada ägirt uly ähmiýet berilmegi geň ýagdaý däl. Ol telewideniýede-de, sosial ulgamlarda-da köp ünsi özüne çekdi. Adatda bolşy ýaly, Stalin we onuň taryhy roly baradaky pikirler ikä bölündi.

Facebook ulanyjylardan biri Olga Marşewa: «Etiň nireden gelenini, gowusy soramazlyk» diýip ýazdy.

Käbir resmiler Woltmany bu ýeser mekirlik üçin tankytladylar, ýöne şol wagtyň özünde, Staliniň mirasy bilen baglanyşykly ýazgarmadylar.

«Bu meseläni gozgamaly däl – diýip, Russiýanyň Prezidentiniň ýanyndaky raýat jemgyýetini we adam hukuklaryny ösdürmek boýunça Geňeşiň başlygy Waleriý Fadeýew Moskwa radiostansiýasyna beren interwýusynda aýtdy. – Stalin ýönekeý figura däl».

Örän düşbi rus telekeçileri öz markalaryny saklamak üçin, köpden bäri dowam edýän jedellerden we halkara dawalardan peýdalanýarlar. 2018-nji ýylda Alekseý Ýakuşew öz fermasynda öndürilen günebakar ýagyna «Nowiçok» adyny dakyp, ony bazara çykardy. Ondan öň adam nerwisine ýaramaz täsir edýän bu serişde Angliýanyň Salisbury şäherinde, Russiýanyň ozalky içalysy Sergeý Skripaly hem onuň gyzyny zäherlemek üçin ulanyldy. Geçen awgust aýynda Kreml öz garşydaşy Alekseý Nawalna garşy hem «Nowiçok» serişdesini ulandy.

2014-nji ýylda Russiýa Krym ýarymadasyny anneksiýa edeninden bäri, Putiniň şekili basylan futbolkalary we onuň daşarky syýasatyny wasp edýän şygarlary görkezýän harytlar tutuş ýurt boýunça sowgat dükanlarynda satuwa çykarylýar.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň şekili basylan futbolka Moskwanyň söwda dükanynda.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň şekili basylan futbolka Moskwanyň söwda dükanynda.

Awgust aýynda Russiýanyň Gazagystan bilen serhediniň golaýyndaky Orenburg şäherinden Moskwa göçüp gelen Woltman, paýtagtda telekeçilik gurmak baradaky arzuwynyň indi puja çykmagynyň mümkindigini aýdýar.

“Stal’in Doner’iň” işini ýaňadan diklemek hakda söz açan halatynda, özüne haýbat atylýan onlarça habar alypdyr. Woltman hem Stalin barada gürrüň gideninde, garyşyk duýgulary başdan geçirýändigini aýdýar.

«Men ol hakda köp okadym, men ony ýigrenemogam ýa-da öwmeýärinem. Ol köp erbet işleri etdi, ýöne gowy işleri-de köp etdi» diýip, Woltman aýdýar.

Material Azatlyk Radiosynyň Nastoýaşeýe Wremýa kanaly tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG