Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalny Moskwanyň "Matrosskaýa Tişina" türmesine ýerleşdirildi


Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny polisiýa bölüminden deslapky tussaghana äkidilýär

Russiýanyň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny Moskwanyň ady belli "Matrosskaýa Tişina" ("Deňizçiniň Ümsümligi") atly deslapky tussaghana ýerleşdirildi. Bu baradaky höküm gyssagarada gurnalan sud diňlenişiginiň dowamynda çykarylypdy.

17-nji ýanwarda giçlik Kremliň ýiti tankytçysy Nawalny Germaniýadan Moskwa gelip gonan pursady, Şeremetýewo aeroportunyň passport barlag nokadynda tussag astyna alnypdy. Mundan öň, Nawalny awgust aýynda zäherlenmeginden soňra, Germaniýada bäş aýlap bejergi alypdy. Nawalny özüni zäherlemek buýrugyny rus prezidenti Wladimir Putiniň berendigini aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýjy Jemgyýetçilik Gözegçilik Komissiýasy toparynyň sekretary Alekseý Melnikow "Matrosskaýa Tişinada" Nawalnynyň saklanýan kamerasyna baryp görendigini aýtdy.

Melnikow koronawirus düzgünlerine laýyklykda, häzir Nawalnynyň iki hepdeläp üç adamlyk kamerada üzňelikde saklanýandygyny hem sözüne goşdy.

"Matrosskaýa" Tişina türmesinde Putiniň iň ýiti tankytçylary, şol sanda ozalky oligarh Mihaýil Hodorkowskiý we onuň ýarany Platon Lebedýew saklanypdy.

"Matrosskaýa Tişina" deslapky tussaghanasynda düşündirilmedik ölüm hadysalary, şol sanda 2009-njy ýylda aklawçy Sergeý Magntiskiýiň ölümi hem bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG