Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen mediasy ABŞ prezidenti Jo Baýdeniň inagurasiýasy barada heniz habar bermedi


Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň operatorlary. Illýustrasiýa suraty.
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň operatorlary. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de ýarym resmi habar saýtlary 20-nji ýanwarda ABŞ-da geçirilen inagurasiýa dabarasy barada heniz habar bermedi.

Çarşenbe güni demokrat Jo Baýden ABŞ-nyň 46-njy prezidenti hökmünde kasam kabul etdi.

Bu waka dünýä arenasynda möhüm waka boldy, halkara habar serişdeleri ABŞ-da geçirilen prezident saýlawlaryny hem-de onuň yzysüre geçirilen inaugurasiýa dabarasyny ýakyndan yzarlady.

Türkmenistanyň media serişdeleri, şol sanda ýarym resmi habar saýtlary bu möhüm waka barada heniz habar bermedi.

Türkmenistanda 30 çemesi gazet-žurnal, ýedi sany telekanal we döwlet eýeçiliginde iki sany esasy elektron habar neşiri hem-de hökümete ýakyn habarlary bilen tanalýan birnäçe ýarym resmi habar saýty bar. Olar türkmen halkyny möhüm daşary ýurt habarlary bilen seýrek tanyşdyrýar.

Synçylar türkmen hökümetiniň halkara jemgyýetçiliginden üzňelik syýasatyny tankyt edýärler.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary ýurduň media serişdelerini diňe prezidenti butlaşdyrmaga gulluk etmekde aýyplaýarlar. Olar türkmen mediasynyň diňe ýurduň daşary we içeri syýasatynda "gazanylandygy aýdylýan ösüşleri" wagyz etmek işleri bilen meşgullanýandygyny aýdýarlar.

Galyberse-de, Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri köplenç Merkezi Aziýa we GDA sebitlerinde bolup geçýän möhüm syýasy wakalar, hususan-da köpçülikleýin halk protestleri barada hem dymmagy saýlap alýar.

Maglumat üçin aýdylsa, mundan ozal, 29-njy noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Baýdeniň wezipä saýlanmagy mynasybetli oňa gutlag hatyny iberdi.

Resmi maglumata görä, Berdimuhamedow türkmen halkynyň hem-de hökümetiniň adyndan şol wagt saýlanan prezidente ýollan hatynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan-da beýläk ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläpdir.

Ýöne Baýdeniň wezipä girişmek dabarasy türkmen mediasynda henize çenli agzalmady.

Demokrat Jo Baýden ABŞ-da 2020-nji ýylyň 3-nji noýabr güni geçirilen prezident saýlawlarynda öňki prezident Donald Trampa garşy ýeňiş gazandy. Ol 20-nji ýanwarda ABŞ-nyň 46-njy prezidenti hökmünde kasam kabul etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG