Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Twitter Eýranyň ýokary lideri Ali Hameneýiniň hasabyny doňdurdy


Ali Hameneýi
Ali Hameneýi

Twitter Eýranyň ýokary lideri Ali Hameneýiniň hasabyny petikledi. Bu çäre ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp üçin howp hökmünde görülýän surat çap edileninden birnäçe sagat soň görüldi.

Gürrüňi edilýän suratda Trampa çalymdaş bir adamyň golf oýnaýandygy we ýokarsynda saklanan uçýan uçaryň kölegesinde galyşy görkezilýär.

Sosial ulgamyň administrasiýasynyň maglumatyna görä, bu suratdan gelip çykýan many-mazmuna başga bir adama abanýan howp hökmünde baha berildi. Şol sebäpli @khamenei hasaby doňduryldy.

Aýatollanyň kakdyrmasy geçen ýyl ABŞ-nyň howa güýçleriniň hüjümi netijesinde ölen eýran generaly Kasem Soleýmanynyň öldürilmegine reaksiýa hasaplanýar.

Bu ýörite operasiýanyň inisiatory we ruhlandyryjysy Trampyň hut özi bolupdy. Eýran häkimiýetleri munuň üçin amerikan häkimiýetlerinden ar aljakdyklaryny birnäçe gezek wada berdiler.

Mundan ozal, zorlugy öjükdirýän we demokratik institutlary pese gaçyrýan many-mazmunly beýanatlary üçin, Twitter Trampyň öz hasabyny hem doňdurypdy.

Bu çäre Tramp öz tarapdarlaryny "dowzahda ýaly söweşmäge" we Kongres binasyna tarap ýöriş etmäge çagyranyndan soň, Kapitol binasyna edilen hüjüm sebäpli görüldi.

XS
SM
MD
LG