Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Teležurnalist Larri King aradan çykdy


Larri King

ABŞ žurnalistikasynyň weterany, 87 ýaşly Larri King COVID-19 diagnozy bilen dekabr aýynyň aýagyndan bäri hassahanada galýardy. CNN onuň Los Anjelesdäki “Cedars Sinai” lukmançylyk merkezinde bejergi alandygyny habar berdi.

Larri Kingiň metbugatdaky karýerasy WAHR radiostansiýasynyň efire çykmagy bilen başlandy. Soňra, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, King Ted Turneriň teklibi esasynda CNN-de, Kabel habarlary neşrinde işlemäge başlady.

Geçen ýyl žurnalistiň uly ýaşly çagalarynyň ikisi aradan çykdy. 65 ýaşly Andy King iýul aýynda ýürek keselinden ýogalan bolsa, 52 ýaşly gyzy Kaia King birnäçe hepde soň öýken düwnüginden öldi.

TASS-yň dürli maglumatlara salgylanyp ýazmagyna görä, King žurnalist bolup işlän döwründe 50 müňden 60 müňe çenli adam bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Onuň söhbetdeşleriniň arasynda Riçard Niksondan başlap, ABŞ-nyň ähli prezidenti, şeýle-de Margaret Tetçer, Martin Lýuter King, Nelson Mandela, Frank Sinatra, Marlon Brando, Maýk Taýson, Stwi Wonder, Pol MakKartni, Wladimir Putin we Mihail Gorbaçýow hem bar.

Ol 2013-nji ýylda RT Amerika teleýaýlymynda “Larry King Now” gepleşigini alyp barmaga başlady. King “Larri King Now” we “PoliticKING with Larry King” telegepleşigini Ora telewideniýesinde hem alyp bardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG