Türkmenistanyň prezidenti 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda bedenterbiýe we sporty goldamak hem ösdürmek programmasyna we ony durmuşa geçirmek üçin plany tassyklaýan karara gol çekdi.
Döwlet metbugaty bu kararyň, ýurtda sporty goldamak, şeýle-de "güýç we bagtyýarlyk döwründe" ilatyň saglygyny berkitmek, erbet endiklere garşy göreşmek hem-de ýaş nesli sporta söýgi ruhunda terbiýelemek üçin kabul edilipdir.
Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň inisiatory bolup prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edýär. Şeýle-de sagdyn durmuşyň wagyzçysy Berdimuhamedow wagtal-wagtal dürli sport görnüşlerindäki maşklary bilen köpçüligiň öňüne çykýar. Ýylyň dowamynda yzly-yzyna geçirilýän köpçülikleýin çärelere okuwçylar we býujet işgärleri gatnaşmaga mejbur edilýär. Döwlet edaralary sport enjamlaryny we geýimlerini satyn almak üçin ilatdan pul toplaýar.
Koronawirus pandemiýasy döwründe geçen ýylda prezidentiň gatnaşmagynda müňlerçe adamlyk sport çäreleri, welosipedli ýörişi geçirildi. Türkmen ýolbaşçylary ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýdýarlar.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?