Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranda adam öldürmekde aýyplanan pälwan dardan asyldy


Eýranda bir esger ölüm jezasyna höküm edilenleri dardan asmak üçin taýýarlyk görýär. (arhiw suraty)

Eýranda bir pälwan adam öldürmek aýyplamalary esasynda jezalandyrylyp öldürildi.

Eýrandan gowuşýan maglumatlara görä, 30 ýaşly pälwan Mehdi Ali Hosseýni ýurduň günorta-günbataryndaky Dezful şäherindäki türmede dardan asylypdyr.

Ýerli derejeli pälwan hökmünde häsiýetlendirilen Mehdi mundan bäş ýyl ozal Andimeşk şäherinde ýüze çykan dawada bir ýaş ýigidi öldürmekde günäli tapylyp, ölüm jezasyna höküm edilipdi.

Eýranyň ýokary sudy Mehdä çykarylan ölüm hökümini geçen ýyl tassyklady.

Geçen sentýabrda Eýranda başga ýene bir pälwan, Nawid Afkari, jezalandyrylyp öldürilipdi. Ol 2018-nji ýylda ýurduň günortasyndaky Şiraz şäherinde geçirilen protestleriň dowamynda howpsuzlyk işgärini pyçaklap öldürmekde aýyplanypdy. Ol özüne bildirilen aýyplamalary ret etdi.

27 ýaşly Afkariniň öldürilmegi halkara ýazgarmalara duçar boldy.

Eýran adamlary jezalandyryp öldürmek boýunça dünýäde ilkinji orunlary eýeleýär. Amnesty International guramasynyň maglumatyna görä, geçen ýyl Eýranda azyndan 251 adam jezalandyrylyp öldürilipdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG