Ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň G7 toparynyň daşary işler ministrleri Russiýany Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnyny “syýasy matlaplar” esasynda tussag etmegi we geçen dynç günleri onuň azat edilmegini talap edip köçelere çykan protestçileri “gazaply basyp ýatyrmagy” üçin ýazgardylar.
26-njy ýanwarda Kanadanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Birleşen Şalygyň we Birleşen Ştatlaryň daşary işler ministrleri umumy beýanat ýaýradyp, onda Nawanlynyň tussag edilmegini “gynandyryjy” atlandyryp, onuň “dessine we öňünden hiç hili şert goýulmazdan azat edilmegini” talap etdiler.
“Russiýa milli we halkara borçnamalary esasynda adam hukuklaryny kepillendirmäge borçly” diýip, beýanatda aýdylýar.
17-nji ýanwarda, Germaniýada Nowiçok zäherlenmesinden bejergi alyp gelende tussag edilen Nawalny 18-nji ýanwarda geçirilen sud diňlenişiginde, 2014-nji ýylda maliýe bidüzgünçilikleri üçin çykarylan şertli türme tussaglygynyň düzgünlerini bozmakda aýyplanyp, 30 gün tussaglyga geçirildi.
Ol we tarapdarlary bu aýyplamany korrupsiýa garşy göreşini bes etdirmek üçin ulanylýan basyş, syýasy äheňli jenaýat işi hasaplaýarlar we ret edýärler.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?