Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus kanunçykaryjylary Täze START ylalaşygynyň möhletini uzaltmak barada ses berdiler


Ylalaşyk Russiýanyň we ABŞ-nyň ýerleşdirip bilýän strategiki ýadro ýaraglarynyň, raketalarynyň sanyny düzgünleşdirýär.
Ylalaşyk Russiýanyň we ABŞ-nyň ýerleşdirip bilýän strategiki ýadro ýaraglarynyň, raketalarynyň sanyny düzgünleşdirýär.

Rus kanunçykaryjylary ýadro ýaraglaryna gözegçiligi düzgünleşdirýän Täze START ylalaşygynyň möhletini uzaltmagy tassykladylar. Bu Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky şu görnüşli saklanyp galan soňky ylalaşykdyr.

Parlamentiň aşaky öýi, ýagny Döwlet dumasy 27-nji ýanwarda ylalaşygyň möhletini bäş ýyla uzaltmak boýunça ses berdiler.

2010-njy ýylda baglaşylan we möhleti öňümizdäki hepde tamamlanmaly ylalaşyk Russiýanyň we ABŞ-nyň ýerleşdirip bilýän strategiki ýadro ýaraglarynyň, raketalarynyň sanyny düzgünleşdirýär.

Mundan bir gün öň, ABŞ we rus resmileri ylalaşygyň möhletini uzaltmak barada ylalaşylandygyny mälim edipdiler.

XS
SM
MD
LG