Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Putin bilen Nawalny, Ukraina hakynda gürleşdi, şertnamany uzaltmak ylalaşygyna geldi


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden rus kärdeşi Wladimir Putin bilen gürleşdi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden rus kärdeşi Wladimir Putin bilen gürleşdi.

Täze START Waşington bilen Moskwanyň arasynda saklanyp galan iň soňky ýarag gözegçiligi şertnamasy bolup, ol ýerleşdirilen strategiki ýadro ýaraglarynyň sanyny 1,550-e, strategiki gowşuryş ulgamlaryny 700-e çenli çäklendirýär we barlag düzgünini üpjün edýär.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden geçen hepde kasam kabul edeninden soň ilkinji gezek rus kärdeşi Wladimir Putin bilen gürleşdi we Kremliň käbir işlerine, şol sanda türmede oturan Kreml tankytçysy Alekseý Nawalna çemeleşilişine we Krym ýarym adasynyň eýelenmegine alada bildirdi.

Emma muňa garamazdan, iki syýasatçy 26-njy ýanwarda geçirilen telefon söhbetdeşliginde ýaraglara gözegçilik meselesinde bir pikire gelmegi başardy we Täze START (Strategiki ýaraglary azaltmak şertnamasy) şertnamasynyň geljek aýyň başynda, möhleti gutarmazyndan ozal uzaldylmagyna razy boldy.

20-nji ýanwarda işe başlan Baýden Putin bilen "iki ýurduň Täze START şertnamasyny ýene bir bäş ýyl uzaltmak islegini ara alyp maslahatlaşdy" diýip, Ak tam 26-njy ýanwarda eden beýanatynda aýtdy.

"Şeýle-de, olar ýarag gözegçiligi we ýüze çykýan howpsuzlyk meseleleri boýunça strategiki durnuklylyk maslahatlaryny öwrenmek ylalaşygyna geldiler" diýip, beýanatda aýdylýar.

Täze Başlangyç şertnamasynda gazanylan ilerlemä garamazdan, Baýden gelýän aýlarda we ýyllarda ABŞ-Orsýet arasynda boljak gatnaşyklary kesgitleýän "beýleki aladalaly meseleleri" hem gozgady.

Ak tam Baýdeniň Moskwanyň ýurduň gündogaryndaky separatistlere berýän goldawy we Krymy eýelemegini dowam etdirmegi bilen baglylykda, ABŞ-nyň Ukrainanyň özygtyýarlylygyny goldaýandygyny gaýtadan tassyk edendigini aýtdy.

Mundan başga, täze prezident ABŞ-nyň hökümetiniň we esasy kärhanalaryň ulanýan “Solar Winds" kompaniýasyna edilen we Orsýetden görülýän hüjüm, Russiýanyň aňtaw gullugynyň Owganystandaky söweşijilere ABŞ goşunlaryny nyşana almak üçin köp mukdarda töleg töländigi we 2020-nji ýyldaky amerikan saýlawlaryna islendik gatyşma baradaky tassyklanmadyk habarlary hem gozgady.

Şeýle-de, olar kreml tankytçysy Alekseý Nawalnynyň zäherlenmegi we onuň tussag edilmegine bildirilýän halkara aladalary, rus hökümetiniň 23-nji ýanwarda bütin ýurt boýunça onuň boşadylmagy üçin gurnalan demonstrasiýalary zor bilen basyp ýatyrmagy barada pikir alyşdylar.

"Prezident Baýden Birleşen Ştatlaryň Russiýanyň bize ýa-da ýaranlarymyza zyýan ýetirýän hereketlerine berlen gaýtawul hökmünde, milli bähbitlerini goramak üçin berk hereket etjekdigini açyk aýtdy" diýip, Ak tam belledi.

"Iki prezident aç-açan we yzygiderli aragatnaşygy dowam etdirmek barada ylalaşdy" diýip, beýanatda aýdylýar.

Täze START Waşington bilen Moskwanyň arasynda saklanyp galan iň soňky ýarag gözegçiligi şertnamasy bolup, ol ýerleşdirilen strategiki ýadro ýaraglarynyň sanyny 1,550-e, strategiki gowşuryş ulgamlaryny 700-e çenli çäklendirýär we barlag düzgünini üpjün edýär.

Kremliň telefon söhbetdeşligi baradaky habarynda iki tarapyň Täze Start şertnamasynyň 5-nji fewralda tamamlanýan möhletinden öň ony uzaltmak barada diplomatiki pikir alyşandygy aýdylýar.

"Ýakyn günlerde taraplar, ýadro raketa arsenallaryny özara çäklendirmek üçin, bu möhüm halkara hukuk mehanizminiň mundan beýläk-de işlemegini üpjün etjek zerur proseduralaryň ählisini ýerine ýetirer" diýip, Kreml aýtdy.

Öňki prezident Donald Trampyň administrasiýasy gijigip, beýleki kategoriýalardaky ýadro ýaraglarynyň hem çäklendirilmegi we şertnama Hytaýyň hem goşulmagy barada gepleşjek bolup, gepleşikleriň bökdelmegine sebäp boldy.

Şertnamany has gysga möhlete uzaltmak synanyşygy hem çylşyrymly ýagdaýa saldy we onuň ykbaly möhleti gutarmazyndan iki hepde öň gelýän Baýden administrasiýasyna galdy.

Baýden bu şertnamany güýçlendirip we giňeldip bolmadyk ýagdaýynda hem uzaltmagy köpden bäri goldap gelýär.

Russiýa şu aýda Baýdeniň wise-prezident bolan wagtynda, 2010-njy ýylda prezident Barak Obama we rus prezidenti Dmitriý Medwedew tarapyndan gol çekilen şertnamanyň özünde aýdylyşy ýaly, onuň möhletiniň hiç bir şert goýmazdan ýene bir bäş ýyl uzaldylmagyna razydygyny gaýtalady.

Kreml iki tarapyň Eýranyň ýadro şertnamasy, koronawirus pandemiýasy we ykdysady meseleler barada hem pikir alyşandygyny aýtdy.

"Umuman aýdanyňda, Russiýa bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň liderleriniň arasyndaky söhbetdeşlik işewür we aç-açan häsiýete eýe boldy" diýip, beýanatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG