Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň boşadylmagyny talap edýän demonstrantlar bilen çaknyşyklarda 3400-den gowrak adam tussag edildi


Sankt-Peterburg, 23-nji ýanwar, 2021
Sankt-Peterburg, 23-nji ýanwar, 2021

OVD-Info garaşsyz gözegçilik toparynyň maglumatyna görä, 24-nji ýanwarda günortana çenli ýurt boýunça 3430-dan gowrak adamyň tussag edilendigi habar berildi. Bu adamlaryň ýarysyna golaýy Moskwada tussag edildi. Olaryň arasynda Nawalnynyň aýaly Ýuliýa we Lýubow Sobol hem bar.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Rus gullugynyň we "Häzirki zaman" neşiriniň maglumatyna görä, Russiýanyň dürli künjeklerinde kreml tankytçysy Alekseý Nawalnynyň boşadylmagyny talap edip geçirilen hökümete garşy demonstrasiýalarda 3400-den gowrak adam tussag edildi.

Soňky ýyllarda hökümete garşy geçirilen iň uly utgaşdyrylan protestler wagtynda protestçileriň polisiýa tarapyndan urlup-ýenjilendigi hem habar berilýär.

23-nji ýanwarda, sowuk howa şertlerinde, Russiýanyň 11 wagt zolagynyň çäklerinde geçirilen protestleriň meşhur we umuman hiç hili syýasy bäsdeşsiz prezident Wladimir Putiniň hökümetine nähili täsir etjekdigi entek belli däl. Kreml onuň 2036-njy ýyla çenli häkimiýet başynda galmagyna ýol açýan konstitusiýa üýtgetmelerini geçirdi.

Ýöne Moskwadan Wladiwostoga çenli aralykda tussaglykda oturan Nawalnynyň eden çagyryşyna onlarça müň adamyň ses goşmagy onuň korrupsiýa garşy alyp barýan göreşiniň adamlary özüne çekýändigini görkezdi.

Moskwada müňlerçe demonstrant şäher merkezindäki Puşkin meýdançasynda toplandy we protestçiler bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyklar ýüze çykdy.

Pitnä garşy durýan ofiserleriň eşigini geýen we başlary kaskaly polisiýa işgärleri demonstrasiýaçylara topulyp, tutan adamlaryny polisiýa awtobuslaryna we tussag awtoulaglaryna tarap süýrediler, saklananlaryň käbiri taýak bilen ýenjildi.

Polisiýa protestçileri tussag edýär. Sankt-Peterburg, 23-nji ýanwar, 2021
Polisiýa protestçileri tussag edýär. Sankt-Peterburg, 23-nji ýanwar, 2021

Polisiýa ahyrynda demonstrantlary meýdançadan kowup çykardy. Müňlerçe adam bir kilometr uzaklykdaky giň bulwaryň çäginde jemlenip, olaryň bir topary polisiýa gar toplaryny zyňdy.

Şäher häkimliginiň işgärleri demonstrasiýa çykanlaryň sanyny 4000 töweregi adam diýip çaklady, emma "Roýters" habar gullugynyň hasaplamalaryna görä, rus paýtagtyndaky demonstrasiýa gatnaşmak üçin 40,000 töweregi adam geldi.

Syýasy tutup-saklamalara gözegçilik edýän OVD-Info topary 23-nji ýanwarda Moskwada azyndan 941 adamyň we Sankt-Peterburgda, beýleki bir uly demonstrasiýanyň geçirilen şäherinde 356-dan gowrak adamyň tussag edilendigini aýtdy.

Umuman aýdylanda, bu topar 90-a golaý şäherde 3,454 adamyň tussag edilendigini aýdýar.

Tatarystanly protestçiler. Kazan, 23-nji ýanwar, 2021.
Tatarystanly protestçiler. Kazan, 23-nji ýanwar, 2021.

Moskwada tussag edilenleriň arasynda Nawalnynyň aýaly Ýuliýa Nawalnaýa we kreml tankytçysynyň ýakyn ýoldaşy Lýubow Sobol hem bar. Ol Nawalnynyň tarapdarlarynyň öňünde çykyş edeninden soň, Puşkin meýdançasynyň golaýynda tussag edildi. Ýuliýa Nawalnaýa biraz soňra boşadyldy.

Agşama golaý ýüzlerçe adam şäher merkezine ýygnandy. Polisiýa olaryň öýlerine gitmeklerini talap etdi we Kremliň töweregindäki birnäçe köçäni petikledi.

Käbir demonstrantlar 23-nji ýanwar güni biraz soň Nawalnynyň saklanýan tussaghanasynyň daşyna ýygnandylar, ol ýokary howpsuzlykly "Matros ümsümligi" türmesinde saklanýar. Ýöne olar polisiýanyň garşy durmagy we käbirlerini tussag etmegi netijesinde, bu ýerden çekilmeli boldy.

Türmäniň daşyndaky demonstrantlar "Azatlyk" diýip gygyryşdylar we häkimiýetleri Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň iň gaýduwsyz tankytçysyny boşatmaga çagyrdylar.

Moskwa, 23-nji ýanwar, 2021.
Moskwa, 23-nji ýanwar, 2021.

Sankt-Peterburgda hem polisiýa bilen demonstrantlaryň arasynda çaknyşyklaryň ýüze çykandygy habar berildi. Sosial mediada ýaralanan, kelleleri ganaýan demonstrantlaryň suratlary paýlaşyldy.

Döwlet habar gullugy TASS-yň maglumatyna görä, paýtagtdaky protestler wagtynda 40-dan gowrak ofisere ownuk şikes ýetdi.

Polisiýanyň kämillik ýaşyna ýetmedikleri hem tussag edendigi habar berildi. Puşkin meýdançaynda bir ýaş oglanyň tussag edilişi wideo ýazga düşürildi we sosial ulgamlarda çap edilidi.

Polisiýanyň ýowuz daramagy diýilýänleriň hem mysallary wideo ýazgy edildi we Moskwanyň polisiýa ofiseriniň bir protestçiniň boýnundan dyzy bilen basyp oturyşyny görkezýän wideo Twitterde ýerleşdirildi.

Emma muňa garamazdan, Nawalnynyň ýarany Leonid Wolkow 23-nji ýanwarda oppozisiýanyň geljek hepdäniň ahyrynda Nawalnynyň boşadylmagyny talap etmek üçin has köp demonstrasiýa geçirjekdigini aýtdy.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Russiýanyň köpçülikleýin protestlere beren gaýtawulyndan alada bildirdi we "giň ýaýran tussag edilmelere", "aşa artyk güýç ulanylmagygyna" gynanýandygyny aýtdy.

"Giňden ýaýran tussag etmelere, deň bolmadyk güýç ulanylmagyna, internet we telefon aragatnaşygynyň kesilmegine gynanýaryn. Indiki görülmeli çäreleri birinji gün Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri bilen ara alyp maslahatlaşarys" diýip, Josep Borrell 23-nji ýanwarda Twitterde ýazdy.

"Amnesty International" hem rus häkimiýetlerini köpçülikleýin tutup saklamalarda we tussag etmekde ýazgardy.

17-nji ýanwarda, Germaniýada Nowiçok zäherlenmesinden bejergi alyp gelende tussag edilen Nawalny 18-nji ýanwarda geçirilen sud diňlenişiginde, 2014-nji ýylda maliýe bidüzgünçilikleri üçin çykarylan şertli türme tussaglygynyň düzgünlerini bozmakda aýyplanyp, 30 gün tussaglyga geçirildi.

Ol we tarapdarlary bu aýyplamany korrupsiýa garşy göreşini bes etdirmek üçin ulanylýan basyş, syýasy äheňli jenaýat işi hasaplaýarlar we ret edýärler.

Nawalnynyň döwlet korrupsiýasyna garşy soňky çykyşy - Gara deňiz boýunda döwlet serişdelerine gurlan we Putine degişlidigi aýdylýan 1,36 milliard dollarlyk köşk hakyndaky iki sagatlyk wideosy tussag edilenden iki gün soň ýaýradyldy.

Kremliň metbugat wekili Peskow 22-nji ýanwarda Putin we Gara deňiz boýundaky köşk derňewini “ýalan” we “harsal edilen iş" hökmünde häsiýetlendirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG