Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG-niň Wuhandaky bilermenleri koronawirusy derňemek üçin karantinden çykdy


BSG-niň bilermenler topary Wuhana barýar. 14-nji ýanwar, 2021 ý.
BSG-niň bilermenler topary Wuhana barýar. 14-nji ýanwar, 2021 ý.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) Hytaýyň Wuhan şäherinde karantinde galan bilermenler topary COVID-19 pandemiýasyna sebäp bolan wirusyň gelip çykyşyny öwrenmek üçin gözleg işlerine başlaýar.

Hytaýa baransoň, 14 gün karantinde galmaklary talap edilen barlagçylaryň 28-nji ýanwarda myhmanhanadan çykyp, awtobusa münüşlerini görmek bolýar. Olaryň barýan ugry bada-bat mälim bolmady.

13 bilermenden ybarat toparyň 2019-njy ýylyň ahyrynda ilkinji koronawirus hadysasy anyklanan Wuhan şäherinde tas bir aý galmagyna garaşylýar.

Missiýa gijikmelere we irki wakalardan habarly adamlar bilen gepleşilmegi hem-de zerur maglumatlara elýeterlilik dogrusynda dürli aladalara sezewar boldy.

Pekin dünýäde 2,1 milliondan gowrak adamyň janyny alan wirusyň gelip çykyşyny yzarlamak babatynda edilýän halkara tagallalardan nägile bolýar.

Hytaý bilermenler toparynyň sapary boýunça döredilen şertler üçin hem-de Hytaý hökümetiniň wirusyň başga ýerden uç alandygyny öňe sürýän taglymatlary üçin tankyt edilýär. Halkara alymlar bu öňe sürmeleri ret edýär.

Wuhanda aradan çykan adamlaryň dogan-garyndaşlary Hytaý häkimiýetlerini öz sosial media toparyny pozmakda hem-de sem etmek üçin özlerine basyş etmekde aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG