Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýene bir Söwda merkezi we ikinji atly ýigidiň heýkeli gurlar


Aşgabatda gurulmaly "Aşgabat" söwda merkeziniň şekil taslamasy
Aşgabatda gurulmaly "Aşgabat" söwda merkeziniň şekil taslamasy

Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji ýanwarda geçiren onlaýn maslahatynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny dabaralandyrmagyň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Wise-premýer Şamuhammet Durdylyýew mejlisde Aşgabatdaky çatryklaryň birinde, ady rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň hormatyna, ata atlanan we arkasy dutarly ýigidiň heýkeliniň gurulýandygyny aýtdy.

Bu Aşgabatdaky atly ýigit heýkelleriniň sanyny iki eder, mundan öň şeýle heýkel diňe Berdimuhamedowyň hormatyna dikilipdi.

Şeýle-de, wise-premýer ýurt garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gurulýan Söwda we dynç alyş merkeziniň we desgalar toplumynyň gurluşygy barada habar berdi. Emma olaryň taslama bahasy aýdylmaýar.

Aşgabadyň 140 ýyllygyny bellemek boýunça toparyň düzümi we geçiriljek çäreleriň meýilnamasy ýakyn wagtda Ministrler kabinetine seretmäge berler.

Türkmen paýtagtynyň döredilen senesi ýurduň rus basybalyjylary tarapyndan basylyp alnan ýylyndan uç alýar, emma türkmen häkimiýetleri şu ýylyň ýanwarynda 140 bolan Gökdepe gyrgynçylygyny agzamakdan saklanýar.

XS
SM
MD
LG