Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada hatda gar adamlary hem Nawalny tutha-tutlugyndan sypyp bilmeýär


Demirgazyk Arhangelsk regionynyň Zaçaçýe obasynda Ýelena Kalininanyň ýasan gar adamlary.
Demirgazyk Arhangelsk regionynyň Zaçaçýe obasynda Ýelena Kalininanyň ýasan gar adamlary.

Russiýada tussag astyndaky oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyny goldamak üçin geçirilýän hökümete garşy protestler 23-nji ýanwarda tutaşýan mahaly, dört çaganyň enesi Ýelena Kalinina protestlere gatnaşyp bilmedi.

Şonuň üçin, ol özüniň özboluşly demonstrasiýasyny geçirmek üçin ir bilen aýazly howada öýden daş çykdy.

Ol demirgazyk Arhangelsk regionynyň Zaçaçýe obasynda ýerleşýän jaýynyň daşynda dört sany gar adam ýasady, olara-da “Ýok bolsun patyşa!”, “Bu biziň ýurdumyz” ýazgyly kardon kagyz asdy.

“Zaçaçýede geçirilen köpçülikleýin piket” diýip, ol gar adamlaryň suratlaryny sosial ulgamda paýlaşdy. Suratlaryň üstüne bir topar “komment” we “laýk” ýagdy.

Ertesi ir säher Kalininanyň öýüne polisiýa geldi. Olar kardon kagyzlary aýyrdylar, Kalininanyň özüni alyp, golaý-goltumdaky bir oba ötägitdiler.

“Olar munuň “ýokardan”, Arhangelskiň [region paýtagtyndan] berlen karardygyny” aýtdylar diýip, ol Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda aýtdy. Ol özüne günä bildirilmezden gysga wagtyň içinde boşadylandygyny, sebäbi, görnüşinden, häkimiýetleriň öz üstüne günä ýöňkäp bilmändiklerini gürrüň berdi.

Rus häkimiýetleri Moskwada Nawalny goldawçylarynyň öýlerine reýd geçirip, başga-da 80-den gowrak şäherde ýörişlere gatnaşýan adamlary yzarlaýan mahaly, hatda Kalininanyňky ýaly kiçi-girim hereketler hem berk gaýtawula duçar bolýar.

Jemgyýeti öwrenijileriň geçiren barlaglaryna görä, 23-nji ýanwar protestlerine gatnaşanlaryň tas 40 göterimi demonstrasiýalara ilkinji gezek gatnaşýar. Bu fakt Kremli aljyraňňylyga saldy we onuň guramaçylary hasaba çekmek hem-de şeýle çäreleriň gaýtalanmagynyň öňüni almak kampaniýalaryny möwjetdi.

Nawalnynyň baş ýaranlaryndan Leonid Wolkowa garşy ýetginjek ýaşyna ýetmedikleri protestlere öjükdirmek aýyplamasy esasynda günä bildirilýär. Ol bu aýyplamany ret edýär. Ýöne aýyplama döwlet teleýaýlymlarynyň oppozisiýa hereketini abraýdan düşürmäge gönükdirilen propagandalarynda giňden ulanylýar.

44 ýaşly Kalinina san taýdan barha köpelýän öwrenje dürli pikirlilerden däl. Ol 2018-nji ýylda Arhangelsk regionynda Moskwanyň zibilini gaýtadan işlemäge niýetlenen uly zir-zibil poligonynyň gurulmagyna garşy ýerli protest hereketini gurnaýjylaryň hatarynda meşhurlyk gazandy.

Ol Arhangelskde ençeme demonstrasiýalara gatnaşdy. Munuň üçin oňa birnäçe gezek jerime salyndy.

“Adamlar menden “sen Nawalnyny goldaýarmyň?” diýip soraýar” diýip, ol 17-nji ýanwarda oppozisiýa lideri Germaniýada alan bejergisinden soň Russiýa dolanan güni sosial ulgamlarda post paýlaşdy. “Meniň jogap berýärin: men Putine garşy” diýip, Kalinina aýdýar. Nawalny özüniň “nerw agenti bilen” zäherlenmeginde Kremliň eliniň bardygyny aýdýar.

Bu hepde bolup geçen basyp ýatyrmalara we hökümete garşy geçirilýän protestlere gatnaşmazlyk barada resmileriň beren duýduryşlaryna garamazdan, rus oppozisiýasy adamlary 31-nji ýanwarda geçiriljek täze ýörişlere çagyrdy.

Özüne berlen käýinje pitiwa etmeýän Kalinina öz sesini eşitdirmäge dowam etdirjekdigini aýdýar.

“Ýurtda ýagdaýlary üýtgetmegiň ýeke-täk çäresi sesiňi çykarmak we gorkmazlykdyr” diýip, ol aýtdy.

“Gar adamlar barada aýdylanda, olar entägem dur, belki olar ýene bir ‘garagollyk’ ederler” diýip, sözüne goşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG