Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kreml dosty Rotenberg Korrupsiýa dawasynyň merkezindäki "Putin köşgüne" eýe çykdy


Rus preşzident Wladimir Putin we iş adamy Arkadiý Rotenberg Kerç köprüsiniň öňünde. 9-njy oktýabr, 2020

Prezident Wladimir Putiniň çagalyk dosty we Russiýanyň iň baý oligarhlarynyň biri interwýu berip, korrupsiýa garşy wideoda "Putin üçin köşk" hökmünde häsiýetlendirilen gymmatbaha Gara deňiz köşgüne eýe çykdy.

Agasy bilen giň gerimli infrastruktura-gurluşyk kompaniýasyna eýeçilik edýän we soňky bäş ýylda günbatar sanksiýalaryna sezewar bolan Arkady Rotenberg 30-njy ýanwarda, “Maş” Telegram kanalynda çap edilen söhbetdeşlikde gürrüňi edilýän uly köşgüň özüne degişlidigini aýtdy.

"Mundan eýläk bu syr bolmaz, onuň hözirini görýän men [eýesi]" diýip, Rotenberg anyk detallary açmazdan aýtdy.

"Bu gaty çylşyrymly emläk. Ol ýerde kän kreditçi, karzçy bardy, emma ahyrynda onuň özüme galmagyny gazandym” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Rotenberg anyklaşdyrmazdan bu emlägi "birnäçe ýyl ozal" alandygyny aýtdy.

"Otaglary örän köp" bolansoň, ony kwartiraly myhmanhana öwürmegi planlaşdyrýaryn diýip, ol geljekki planlaryny hem ýaňzytdy.

Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy gaznasy 19-njy ýanwarda Putin üçin gurlandygy aýdylýan köşk barada derňew netijelerini çap etdi.

Derňewiň awtorlary kaşaň emlägiň bahasynyň azyndan 100 milliard rubl (1,35 milliard dollar) bolandygyny öňe sürýär.

Korrupsiýa garşy gaznanyň işgäri Iwan Ždanowyň maglumatyna görä, bu emläk barada taýýarlanan wideony gysga wagtda 100 milliondan gowrak adam gördi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG