Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mýanmada harby agdarylyşyk boldy


Mýanmada harby agdarylyşyk boldy, ýurduň de-fakto lideri Aung San Su Çini we dolandyryjy partiýanyň beýleki ýokary derejeli resmileri
tussag edidi.
Mýanmada harby agdarylyşyk boldy, ýurduň de-fakto lideri Aung San Su Çini we dolandyryjy partiýanyň beýleki ýokary derejeli resmileri tussag edidi.

Mýanmanyň harby güýçleri döwlet agdarylyşygyny amala aşyryp, ýurduň de-fakto liderini Aung San Su Çini we dolandyryjy partiýanyň beýleki ýokary derejeli resmilerini irden geçirilen reýdlerde tussag etdi.

Harbylaryň gözegçiligindäki "Myawaddy" teleýaýlymy, 1-nji fewralda saýlawlar baradaky dawa-jenjeliň arasynda “durnuklylygy” goramak üçin bir ýyllyk adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi.

Okalan beýanatda täze ýerine ýetiriji prezidentiň wise-prezident bolan öňki general Myint Swe boljagy aýdylýar.

Beýanatda harby başlyk general Min Aung Hlaingiň "kanunçylyga, dolandyryş we kazyýet ulgamyna" gözegçilik edýändigi yglan edilýär.

Bu habar harby güýçler Su Çini, prezident Win Myinti we dolandyryjy Milli Demokratiýa Ligasynyň (NLD) beýleki ýokary derejeli şahsyýetleri tussag edenlerinden birnäçe sagat soň edildi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Awstraliýa we beýleki ýurtlar döwlet agdarylyşygyndan we hökümetiň raýat ýolbaşçylarynyň tussag edilmeginden alada galýandygyny mälim etdiler.

Döwlet agdarylyşygy soňky hepdelerde hökümet bilen harby ýolbaşçylaryň arasynda barha artan dartgynlylykdan soň bolup geçdi.

Noýabr aýynda geçirilen saýlawdan soň hökümetiň we harbylaryň arasyndaky gatnaşyklar dartgynlaşdy. Harbylar saýlawlaryň galp bolandygyny aýtdylar.

NLD saýlawlarda ýeňiş gazanansoň Mejlis 1-nji fewralda işine başlamalydy.

XS
SM
MD
LG