Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus prokurory Nawalnynyň şertli tussaglygyny türme tussaglygyna öwürmek boýunça edilen çagyryşy goldaýar


Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny
Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny

Russiýanyň prokuratura edarasy 1-nji fewralda ýurduň türme häkimiýetleriniň Alekseý Nawalnynyň şertli tussaglygyny hakyky türme möhletine öwürmek baradaky eden haýyşyny goldaýandygyny aýtdy.

Rus oppozisiýa syýasatçysy “ogurlyk” aýyplamalary boýunça çykarylan şertli hökümiň şertlerini bozmakda aýyplanyp, häzirki wagtda 30 gün möhlet bilen deslapky tussaglykda saklanýar. Ol özüne garşy gozgalan işiň galplaşdyrylandygyny aýdýar, ýöne bu iş bilen onuň 3,5 ýyl möhlete azatlykdan mahrum edilmegi mümkin.

“OWD-Info” gözegçi topary 31-nji ýanwarda Nawalnyny goldamak üçin Russiýanyň dürli künjeklerinde geçirilen ýörişlerde, polisiýanyň Moskwada we beýleki ýerlerde ýörişleri dargatmak üçin dürre we elektroşok sapançasyny ulanýandygy baradaky habarlaryň arasynda, 5,135 adamyň tussag edilendigini habar berdi.

“OWD-Info” 31-nji ýanwarda gijöýlän beren beýanatynda howpsuzlyk güýçleriniň asuda demonstrantlara garşy alyp baran “proporsional däl ýowuz hereketlerinden ” şikaýat etdi we soňky tussag etmeleri bu guramanyň dokuz ýyl mundan ozal esaslandyrylan gününden bäri amala aşyrylan iň köpçülikleýin tutha-tutluk bolandygyny aýtdy.

“OWD-Infonyň” maglumatlaryna görä, 31 şäherde 91 žurnalist polisiýa tarapyndan tussag edildi.

“Polisiýa protestler barada habar bermek islän metbugatyň işine bilkastlaýyn gatyşdy” diýip, “OWD-Info” beren beýanatynda aýtdy.

Kreml 31-nji ýanwar protestlerine gatnaşan adamlaryň köpüsini “bozgaklar we prowokatorlar” atlandyrdy.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 1-nji fewralda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda şeýle adamlar bilen gepleşik geçirmegiň mümkin däldigini aýtdy.

Bu aralykda, Moskwanyň bir kazyýeti dynç günleri öz adamsyny goldamak üçin geçirilen rugsatsyz ýörişlere gatnaşany üçin Ýuliýa Nawalnaýa jerime saldy.

Nawalnaýanyň paýtagtda tussag edilmeginden bir gün soň, 1-nji fewralda Moskwanyň Şerbinskiý kazyýeti oňa 20 müň rubl ($ 265) jerime ýazdy.

Tertip iki hepde bäri dynç günlerinde onlarça müň raýat Nawalnyny goramak üçin hem-de adamlaryň durmuş şertleriniň ýaramazlaşmagy we korrupsiýa ýaly dürli meseleler boýunça prezident Wladimir Putiniň hökümetine öz nägileliklerini eşitdirmek üçin tussag edilmek howpy astynda aýazly howa döz gelýärler.

Birleşen Ştatlary, Ýewropa Bileleşigi we adam hukuklaryny goraýjy guramalar rus polisiýasynyň öz raýatlaryna garşy zorluk ulanmagyny hem-de habarçylaryň tussag edilmegini ýazgardylar.

“Amnesty International” halkara günä geçiş guramasy Moskwada polisiýanyň “türmelerde ýer galmansoň”, adamlary deportasiýa merkezlerinde saklaýandygyny aýtdy.

“Ýurtda her bir tankytçyny gabamaga synanyşmak karam oýun. Rus häkimiýetleri muňa derek, barha köp russiýaly üçin söz-beýan azatlygynyň hem-de parahatçylykly birleşmek azatlygynyň gymmatynyň artýandygyny ykrar etmeli we adamlaryň ar-alyşdan gorkman öz pikirlerini beýan etmegine rugsat bermeli” diýip, “Amnesty International” protestleriň yzýany beren beýanatynda aýtdy.

Geçen dynç günlerinde bolşy ýaly 31-nji ýanwarda hem 100-den gowrak şäherde protest geçirildi we käbir adamlar bu protestleriň Putin 1999-njy ýylda häkimiýet başyna geçeli bäri ýurtda protest geçirilen şäherleriň sany boýunça iň iri ýöriş bolandygyny aýdýarlar.

Halkara ýazgaryş

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell ýazan twitinde Russiýadaky “köpçülikleýin tussag etmeleri” hem-de protestçilere we žurnalistlere garşy “proporsional däl güýç ulanylmagyny” ýazgarýandygyny, ýurduň “öz üstüne alan halkara borçnamalaryny berjaý etmelidigini” aýtdy.

Şu aralykda, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Antoni Blinken “ABŞ asuda protestçilere we žurnalistlere garşy rus häkimiýetleriniň tertip iki hepde bäri berk taktikalary yzygiderli ulanmagyny ýazgarýar. Biz adam hukuklaryny ulanany üçin tussag edilen adamlaryň, şol sanda Alekseý Nawalnynyň boşadylmagy üçin Russiýa eden çagyryşymyzy gaýtalaýarys ” diýdi.

Sankt-Peterburgda Nawalnynyň goldawyna protest geçdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:09 0:00

44 ýaşly Kreml tankytçysy we korrupsiýa garşy göreşiji Germaniýadan Russiýa dolanan güni 17-nji ýanwarda tussag edildi. Ol nerw agenti bilen zäherlenenden soň Germaniýada bejergi aldy. Nawalny we onuň goldawçylary ony Putiniň buýrugy bilen FSB-niň zäherländigini aýdýar.

Kreml Nawalnyny FSB agentleriniň zäherländigi baradaky jikme-jik subutnamany ret etdi we onuň boşadylmagy boýunça edilen çagyryşlardan boýun towlady.

Russiýa dolanan gününiň ertesi polisiýa bölümindäki bir wagtlaýyn kazyýet Nawalnynyň, 2-nji fewralda geçiriljek sudy başlaýança, 30 gün möhlet bilen deslapky tussaglykda saklanmagyny buýruk berdi.

Prokurorlar 2014-nji ýylda “ogurlyk” aýyplamalary bilen çykarylan şertli tussaglyk höküminiň şertlerini Nawalnynyň bozandygyny aýdýarlar. Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýeti bu iş “eden-etdilikli we görnetin esassyz” diýen netijä gelipdi.

2-nji fewralda geçiriljek sud diňlenişigi şertli tussaglygyň 3,5 ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna öwrülmegine sereder. Sebäbi Nawalnynyň Germaniýada bejergi alýan mahaly bu hökümiň düzgünlerini bozandygy öňe sürülýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG