Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler ogurlyk harby egin-eşik söwdasyny nyşana alýar


Aşgabatda köçede barýan esgerler. Illýustrasiýa suraty.
Aşgabatda köçede barýan esgerler. Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Darganata häkimiýetlerini harby egin-eşik geýnen asuda raýatlar hem-de olara ogurlyk harby uniforma satýan harbylar ynjalykdan gaçyrýar. Polisiýa köçedäki harby lybasly asuda raýatlary nyşana alýar, olara garşy reýd geçirýär. Häkimiýetler ogurlyk harby egin-eşikleriň yzyny çalýar. Bu aralykda, esgerleriň arasynda harby bölümlerden uniforma ogurlap satýan gullukçylar köpelýär. Olaryň arzan bahadan satýan egin-eşikleri ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz galýan asuda raýatlaryň arasynda hyrydar tapýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji fewralda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, şu günler Darganatanyň polisiýasy etrap bazarynda we Gazojak şäherinde harby egin-eşik satýan hem-de geýýän asuda raýatlara garşy reýd geçirýär. “Olaryň satýan we geýýän harby lybaslary ellerinden alynýar” diýip, bir şaýat Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi. “Özlerine-de jerime töletdirýärler” diýip, ol sözüne goşdy.

Ýagdaýdan habarly bir çeşmäniň sözlerine görä, häkimiýetler bu operasiýalara 29-njy ýanwarda girişdi.

Ýerli ýaşaýjylar ilat arasynda arzan bahadan satylýan harby egin-eşikleriň hyrydarlarynyň köpdügini, onuň geçginli haryda öwrülýändigini aýdýarlar.

“Lebapda garyp gatlak hasaplanýan raýatlaryň arasynda, bahasy arzan bolansoň, harbylar tarapyndan harby bölümlerden ogurlanyp, raýatlara arzan satylýan harby lybaslara, aýak gaplara müşderi köp” diýip, bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, harby gullukçylaryň, şol sanda çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda öz gulluk edýän harby bölümlerindäki uniformalary ogurlyk ýoly bilen raýatlara satýan adamlar bar. Olar muny “çörek pul, nas pul bolsun diýip satýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk Radiosy türkmen goşunynda esgerleriň çekýän horlugy, şol sanda olaryň iýmit ýagdaýlary barada wagtal-wagtal habar berýär.

Habarçy ýaňy-ýakynda Lebapda bir Serhet garnizonynyň şertnamalaýyn gullukçysy bilen söhbetdeş boldy. Ol atlandyrylmazlyk şertinde harbylara hususy taraplara uniforma satmagyň gadagan edilýändigini gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, harby bölümlerde egin-eşik ýetmezçiligi bar.

Ýerli ýaşaýjylar polisiýanyň harby egin-eşik geýnen asuda raýatlara garşy geçirýän reýdleriniň olary satýan harbylary gorkuzmaga gönükdirilendigini aýdýarlar.

Olar raýatlaryň üstündäki harby egin-eşiklere garşy reýd geçirmek bilen “ogurlyk geýim satýan harbylary gorkuzmagy pikir edýäne meňzeýär” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

“Azyk ýetmezçiliginden kösenýän esgerlerden we gymmat egin-eşik satyn almaga puly ýok raýatlardan günä gözlemeli däl-de, olaryň şertlerini gowulandyrmaly” diýip, ol sözüne goşdy.

Habarçy ýagdaýdan habarly bir çeşmä salgylanyp, soňky dört ýylda harby bölümlerde ownuk ogurlyk aýyplamalary bilen köp sanly harby serkerdäniň türmä basylandygyny habar berdi.

Türkmenistanda hökmany harby gulluga çagyrylan esgerleriň goşundaky horluklary, şol sanda azyk, derman ýetmezçilikleri dowam edýär, kyn ýagdaýda galan ýaş esgerler başga alaç tapman, ene-atalaryna telefon edýärler, emma olaryň hem elinden gelýän zat ýok, sebäbi elleri ýuka. Bu barada habarçy 31-nji ýanwarda habar berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, hatda paýtagt Aşgabadyň çäginde ýerleşýän harby bölümlerde-de esgerleriň ýaşaýyş şertleri amatly däl. Baýramalyly bir esger hossarynyň sözlerine görä, Aşgabatda gulluk edýän oglunyň harby bölüminde “ýod bilen zelýonkadan başga derman tapdyrmaýar”. Bu harby bölümde öňler esgerlere çörege mesge çalyp beren bolsalar, indi diňe çöregiň özi berilýär; şekerli çaýyň deregine “dermanlyk otdan demlenen çaý” berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG