Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türmeden boşan aktiwist reforma talap etmek üçin göni meýdança çykdy


Raýat aktiwisti Maks Bokaew türmeden boşadyldy.
Raýat aktiwisti Maks Bokaew türmeden boşadyldy.

Atyrau şäherinde dört ýyl dokuz aý gözenekden aňyrda oturan raýat aktiwisti Maks Bokaew türmeden boşadyldy. Azattyk radiosy (Azatlyk radiosynyň Gazak gullugy) onuň türmäniň daş işiginde dürli sebitlerden bolan onlarça adam tarapyndan garşy alnandygyny habar berýär.

Bokaew 2016-njy ýylyň maý aýynda - Atyrauda öz-özlüginde dörän ýer mitinginden soň tussag edildi. Ol mitingde Gazagystandaky ýerleriň daşary ýurtlylara uzak möhletleýin kärendesine berilmegini göz öňünde tutýan kanun üýtgetmelerine garşy çykyş etdi.

Gazagystanyň kazyýeti ony "sosial düşünişmezligi öjükdirmekde", "bilkastlaýyn ýalan maglumatlary ýaýratmakda" we "miting geçirmek düzgünlerini bozmakda" günäkär tapdy.

Bokaewiň özi bu aýyplamalary ret etdi, Gazagystanyň adam hukuklaryny goraýjylary we halkara guramalary ony syýasy tussag hökmünde ykrar etdiler.

“Men ýagdaýy yzarladym, telewizora tomaşa etdim, gazet okadym, radio diňledim. Nazarbaýew tagtdan çekildi, ýöne ýurtda haýsydyr bir zadyň bäş millimetr öňe süýşendigini, nähildir bir üýtgeşmeleriň bolandygyny aýtmak mümkin däl. Çynlakaý üýtgeşmeler ýok. Men jemgyýetçilik işi bilen meşgullanmagy dowam etdirerin” diýip, Maks Bokaew türmeden çykandan soň aýtdy.

Azatlyga çykan aktiwist özüni garşylan adamlar bilen bilelikde Isatai we Mahambet meýdançasyna, 2016-njy ýylda ýer reformasyna garşy özakymlaýyn miting geçirilen ýere ugrady.

Atyrauda geçirilen mitingden soň ýurduň beýleki şäherlerinde hem ýer protestleri geçirildi, şonuň üçin häkimiýetler dawaly üýtgetmeleriň güýje girmegine moratoriýa yglan etdiler.

XS
SM
MD
LG