ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 5-nji fewralda efire berlen interwýusynda öňki prezident Donald Trampyň "durnuksyz gylygyna” salgylanyp, onuň gizlin aňtaw maglumatlaryny almagyna rugsat bermejekdigini aýtdy.
Baýden Trampyň gizlin maglumatlary näme edip biljekdigi barada gürrüň etmekden saklandy, ýöne möhletini tamamlan prezidentlere aňtaw maglumatlaryny almak babatda berlen taryhy hukugyň oňa "gerek däldigini" belledi.
“Onuň üçin aňtaw maglumatlarynyň näme ähmiýeti bar? Dilinden sypdyryp, birden bir zat aýtmak ähtimallygyndan başga, onuň nähili täsiri bolup biler?” diýip, Baýden CBS telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.
Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki şu hepdäniň başynda Trampyň aňtaw maglumatlaryny almagynyň kepillendirilmegi baradaky meselesiniň gözden geçirilýändigini aýtdy.
Öňki prezidentiň aňtaw maglumatlaryny almagy ýa-da almazlygy iş başyndaky prezidente bagly.
Öňki prezident indiki hepde ikinji impiçment sudy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ol 6-njy ýanwarda öz tarapdarlarynyň öňünde sözlän sözünde olaryň Kapitol binasyna hüjüm etmeklerine meçew bermekde aýyplanýar.
Baýden Tramp aňtaw maglumatlaryny almaly däl diýen pikiriniň Kapitoldaky bidüzgünçilikler bilen baglanyşykly däldigini, onuň durnuksyz gylyk-häsiýeti bilen baglydygyny aýtdy.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?