Birleşen Ştatlar, emele gelen gumanitar krizise jogap çäresi hökmünde, Ýemeniň Huti gozgalaňçylarynyň terrorçylykly topar hökmünde sanawa alynmagyny ýatyryp, ABŞ-nyň ozalky administrasiýasynyň iň köp tankytlanan soňky minut kararlarynyň birini yzyna almakçy bolýar.
Kongres agzalary prezident diwanynyň planlary bilen habarly edileninden soň, Döwlet departamentiniň resmisi bu karary 5-nji fewralda tassyk etdi.
Bu yza gaýtma prezident Jo Baýdeniň Saud Arabystanynyň Ýemendäki harby kampaniýasyna ABŞ goldawynyň bes ediljekdigini yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Bu ýagdaýlara köpler Saud Arabystany bilen Eýranyň arasyndaky proksi çaknyşyk hökmünde seredýärdi.
Metbugat sekretary Stefan Dujarrigiň 6-njy fewralda "bu esasy ýaşaýyş zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ynsanperwer kömegine we täjirçilik importyna bil baglaýan millionlarça ýemenlä uly ýeňillik döreder" diýmegi bilen, Birleşen Milletler Guramasy ABŞ-nyň bu gelen kararyny gutlady.
Ýurduň 29 million ilatynyň 80 göteriminiň diri galmak üçin haýsydyr bir kömege mätäç bolmagy netijesinde, Birleşen Milletler Guramasy Ýemendäki ýagdaýy dünýädäki iň erbet gumanitar krizis diýip häsiýetlendirýär.
Döwlet departamentiniň işgäri bu çäräniň "bütinleý" ynsanperwerlik nukdaý nazaryndan görlendigini, onuň ABŞ-nyň hutilere bolan garaýşyna we olaryň "ýazgarylýan hereketlerine, şol sanda asuda ilata garşy hüjümlerine hem-de amerikan raýatlaryny alyp gaçmagyna dahylly däldigini” nygtady.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?