Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nawalny üçin protest planlaşdyrylmady, emma polisiýa tutda-baslygy dowam edýär


Orsýet, Kirow. Sergeý Dýadkin ýekelikde protest bildirýär.

Rus häkimiýetleri türmä basylan oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň tarapdarlaryny tussag etmegini dowam etdirdi we, hökümete garşy hiç hili ýöriş planlaşdyrylmadyk hem bolsa, ýurduň ikinji uly şäheriniň merkezini ýapdy.

Sankt-Peterburgyň merkezine eltýän ýollary petiklemek üçin 6-njy fewralda gar aýrylýan enjamlar ulanyldy, bu ýerde soňky iki dynç gününde Nawalnynyň tussag edilmegine garşy uly ýörişler geçirilipdi.

Polisiýa oppozisiýa tarapdarlaryna garşy 30 reýd geçirilendigini aýtdy.

Şeýle-de, polisiýanyň 6-njy fewralda Wladiwostokda, ozalky protest çäreleri bilen baglanyşykly, birnäçe aktiwistiň, oppozisiýa syýasatçysynyň we žurnalistiň öýlerine reýd geçirendigi habar berildi.

Tanymal kreml tankytçysy Alekseý Nawalny 17-nji ýanwarda Russiýa gaýdyp gelenden soň tussag edildi we, prezident Wladimir Putiniň buýrugy bilen zäherlenendigini aýdýan oppozisiýa syýasatçysynyň hem-de korrupsiýa garşy göreşijiniň goldawyna, onuň azat edilmegini talap edip, ýurduň ýüzden gowrak şäherinde protest çäreleri gurnaldy.

23-nji we 31-nji ýanwarda hökümete garşy geçirilen demonstrasiýalarda 10,000-den gowrak demonstrant tussag edilenden soň, Nawalnynyň ýakyn kömekçisi täze protest çäreleriniň geçirilmegine çagyrmakdan saklandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG