Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Prezident ABŞ-da sentýabra çenli köpçülikleýin imuniteti döretmek 'gaty kyn' diýdi


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

Prezident Jo Baýden Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sentýabr aýyna çenli köpçülikleýin imuniteti gazanmagyň "gaty kyn" boljagyny aýtdy.

Baýden 7-nji fewralda CBS habar gullugyna "Munuň durmuşa geçirilip bilinjekdigini we şu tomus aýynyň ahyryna çenli köpçülikleýin immuniteti döretmek maksadyna ýetmek gaty kyn mesele" - diýdi.

Köpçülikleýin immunitet, ilatyň aglaba böleginiň waksina ýa-da keseli başdan geçirmek arkaly wirusa ýokaşmak howpundan tebigy goraga eýe bolmagyny aňladýar. Şeýle immunitetiň bolmagy, koronawirusyň aýratyn immuniteti bolmadyk adamlara ýokaşmak ähtimallygyny peseldýär. Alymlar ilatyň azyndan 75 göterimi sanjymlar ýa-da keselden soň antitela ýagny organizmiň kabul etmeýänini öndürmek arkaly goralsa köpçülikleýin immunitetiň ösüp biljekdigini aýdýarlar.

Baýden köpçülikleýin immuniteti bilen baglanyşykly meseläniň bir böleginiň logistika we üpjünçilik ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrdy. Mundan başga-da, wirusyň täze ştamlary ABŞ-da, Ýewropada we dünýäniň beýleki ýerlerine ýaýrady.

Üçünji gezek milli derejede girizilen çäklendirmeler gowşadyp başlan Ysraýylda 7-nji fewralda geçirilen barlaglar Pfizer-BioNTech waksinasynyň wirusa garşy, şol sanda ýurtda ýaýran britan ştammyna garşy hakyky täsirini görkezdi.

Günorta Afrika saglygy goraýyş işgärlerine 7-nji fewralda AstraZeneca waksinasyny sanjym etmek meýilnamasyny togtatdy, kiçijik kliniki synag onuň ýurtda ýaýran täze ştamynyň öňüni almakda netijesizdigi görkezdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG