Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus protestleriniň simwolyna öwrülen surat 2 million rubla satyldy


Pskowly suratçy Dmitriý Markowyň suraty

Pskowly suratçy Dmitriý Markowyň, 2-nji fewralda Moskwanyň polisiýa merkezinde düşüren we internetde giňden ýaýradan suraty Orsýetdäki protest hereketiniň nyşanlarynyň birine öwrüldi we ol auksionda 2 million rubla satyldy.

Bu pul tussag edilenlere kömek edýän adam hukuklaryny goraýjy guramalara geçiriler.

“Dostlar, men Kosino-Uhtomskiý polisiýa merkezinden alnan we gol çekilen ýeke-täk suratymy satýaryn. Başlangyç bahasy 10 000 rubl. Teswirlerde bahaňyzy aýdyň. Auksion bir gün dowam edýär. Girdejiler iki deň bölege bölünip, "OVD-Info" we "Apologiýa protestow" toparlaryna geçiriler" diýip, suratçy ýazdy.

Suratda, balaklawa geýnen polisiýa işgäri Wladimir Putiniň portretiniň aşagyndaky stoluň başynda otyr.

Markow 2-nji fewralda Moskwanyň şäher suduna barypdy. Şol sud syýasatçy Alekseý Nawalnynyň şertli tussaglygyny "Iwes Roşer" işi boýunça hakyky tussaglyk möhletine öwürdi. Markow tussag edilip, polisiýa bölümine eltildi we şol ýerde suraty düşürdi. Surat dessine sosial ulgamlara ýaýrady.

Meşhur dokumental suratçy we meýletinçi Dmitriý Markow Pskowda ýaşaýar. Ol öz telefonuna Orsýetdäki gündelik durmuş ýagdaýlaryny surata düşürýär.

Markow Getty Images we Instagram tarapyndan grant alan ilkinji rus suratçysy boldy we onuň eserleriniň sergileri Nýu-Yorkda we Parižde geçirilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG