Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Senat Trampyň impiçment işine şu hepdede sereder


Wekiller palatasynyň wekili Çeril L. Jonson we başlygy Nensi Pelosi Trampa impiçment bildirmek üçin Senata barýarlar, Waşington

ABŞ-nyň Senaty şu hepdede Donald Trampyň ikinji impiçment işine seredip başlar. Öňki respublikan prezident aklansa-da, bu iş onuň taryhy abraýyna uly zeper ýetirer.

9-njy fewralda 100 senator täze prezident Jo Baýdeniň saýlawlarda gazanan ýeňişini dabaraly tassyklamaga taýýarlanýan wagtynda ABŞ-nyň paýtagtynda bolup geçen gozgalaňy güýçlendirmekde oýnan roly üçin öňki prezident Trampyň "gozgalaň turuzmakda" günäkärlenjegini ýa-da aklanjagyny kesgitlär.

ABC News/Ipsos tarapyndan 7-nji fewralda geçirilen pikir soralyşygynyň netijelerine görä, amerikalylaryň aglaba köplügi 56% Senatyň Trampy günäkärlemegini we onuň mundan beýläk jemgyýetçilik wezipesini ýerine ýetirmeginiň gadagan edilmegini goldaýar, ýöne Senatyň 50 demokratlaryna azyndan 17 respublikan agzasynyň sesi gerek bolar.

Demokratlar, Trampyň öz tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynyň, şeýle-de onuň saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny öňe sürüp birnäçe hepdeläp ýalan sözlemeginiň märekäniň Kapitola hüjüm etmegine sebäp bolandygyny görkezmäge synanyşarlar.

Demokratlar bu meseläni öňe sürenlerinde, amerikan halky telewideniýede görkeziljek çykyşlara tomaşa edip, öz kararyny çykaryp bilerler. Respublikan senatorlaryň köpüsi Trampyň Kapitol gozgalaňy baradaky hereketini ýazgarsa-da, diňe sanlyja adam partiýanyň goldawy bilen meşhur bolan şahsyýeti günäkärlemäge taýýardygyny görkezdi. Geçen aýda 50 sany respublikan senatoryň 45-si prosessual ses berişlikde sud işini ýatyrmak baradaky teklibi goldapdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG