Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Memorial" Nawalnynyň egindeşlerini, tarapdarlaryny syýasy tussaglar hökmünde ykrar etdi


Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň dogany Oleg Nawalny 29-njy ýanwarda Moskwanyň Twerskoý etrap sudunyň zalynda

Düýbi Moskwada ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Memorial” merkezi tussaglykdaky oppozisiýa syýasatçysy Aleskeý Nawalnynyň 10 egindeşini we tarapdaryny syýasy tussag hökmünde häsiýetlendirdi.

“Memorial” 8-nji fewralda beýanat ýaýradyp, onda Nawalnynyň ýanwaryň aýagynda tussag edilmegine garşy geçirilmegi planlaşdyrylan rugsat berilmedik protestleriň öňýany saklanan raýatlary syýasy tussaglar hökmünde ykrar edýändigini belledi. Saklanan adamlara sanitariýa we epidemiologik howpsuzlyk çärelerini bozmaga çagyrmakda aýyplama bildirilýär.

Syýasy tussag hökmünde ykrar edilen 10 şahsyýetiň arasynda: Nawalnynyň dogany Oleg Nawalny, Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondunyň aklawçysy Lýubow Sobol, munisipal aklawçylar Dmitriý Baranowskiý, Konstantin Ýanauskas we Lýusýa Şteýn, “Doktorlaryň ýaranlygy” atly hökümete degişlik bolmadyk guramanyň başlygy Anastasiýa Wasilýewa, “Pussy Riot” protest toparynyň öňdebaryjy agzasy Mariýa Alýohina, Nawalnynyň toparynyň Moskwadaky utgaşdyryjysy Oleg Stepanow, Nawalnynyň metbugat wekili Kira Ýarmyş we aktiwist Nikolaý Lýaskin bar.

Olaryň aglabasy öý tussaglygyna ýerleşdirildi.

Eger-de olar günäli tapylsa, olaryň her birine iki ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG