Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek baş diplomaty Türkmenistana sapar eder


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (sagda) özüniň özbek kärdeşi Abdulaziz Kamilow bilen (arhiw suraty)
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (sagda) özüniň özbek kärdeşi Abdulaziz Kamilow bilen (arhiw suraty)

Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow 16-18-nji fewral aralygynda Gazagystana, Täjigistana we Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar. Bu barada Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat edarasy 16-njy fewralda habar berdi.

Saparyň çäklerinde özbek baş diplomatynyň özüniň gazak, täjik we türkmen kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.

Resmi maglumata görä, gepleşikleriň dowamynda regional hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahat ediler.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1993-nji ýylyň fewralynda esaslandyryldy.

XS
SM
MD
LG