Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Daşoguzda kadr çalşygyny geçirdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda kadr çalşygyny geçirdi.

16-njy fewralda TDH-nyň beren maglumatyna görä, Nazarowa Sona Ýagmurowna “özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin” diýen kesgitleme bilen, Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadylyp, onuň ornuna Laçyn Altybaýewna Gurbanowa bellenipdir.

Şeýle-de, şol bir kesgitleme bilen, Owezowa Bahargül Uzakberdiýewna Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadylyp, bu wezipä Ogulmähri Baýmädowna Nuryýewa bellenipdir.

Ozalky resmileriň anyk haýsy wezipäni “oňarmandygy” aýdyňlaşdyrylmaýar.

Türkmenistanda ýokary derejeli kadrlar prezident tarapyndan bellenilýär we olary yzygiderli çalyşmak ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.

XS
SM
MD
LG