Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki belarus žurnalisti ýörişlerdäki göni efir habarlary üçin türme tussaglygyna höküm edildi


Katsýaryna Andreýewa (sagda) we Darýa Çultsowa
Katsýaryna Andreýewa (sagda) we Darýa Çultsowa

Polşanyň Belarusa gönükdirilen “Belsat” emeli hemra teleýaýlymynyň iki žurnalisti noýabr aýynda Minskde geçirilen bir ýöriş barada göni efirde habar bereni üçin iki ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edildi.

18-nji fewralda belarus paýtagtynyň Frunze etrap kazyýetiniň kazysy Natallýa Buhuk Katsýaryna Andreýewany hem-de Darýa Çultsowany “jemgyýetçilik tertibini bozmaga gönükdirilen köpçülik çärelerini guramalaşdyrmakda” günäli tapansoň, olar boýunça höküm çykardy.

Andreýewa we Çultsowa özleriniň kazyýetde beren soňky beýanatlarynda özlerine garşy bildirilýän aýyplamalary ýene ret etdiler we bu aýyplamalary syýasy matlaply atlandyrdylar.

Andreýewa özüniň, Çultsowanyň hem-de “Belarusdaky ähli syýasy tussaglaryň” “derhal boşadylmagyny” talap etdi.

Iki žurnalist Minskde Raman Bandarenkanyň hormatyna geçirilen ýöriş barada göni efirde habar berýän mahaly, 15-nji noýabrda tussag edildi.

Banderanka awtoritar dolandyryjy Alýaksandr Lukaşenkanyň wezipeden çekilmegi talap edilip geçirilen hepdelik ýörişleriň birinde ýüzi nikaply hüjümçiler tarapyndan urlup-ýenjilende alan şikeslerinden aradan çykdy. Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler ýüzi nikaply adamlaryň häkimiýetler bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG