Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Facebook geň galdyryjy hereket bilen Awstraliýada öz platformasynda habar elýeterliligini petikledi


Facebook ulgamynyň nyşany

Facebook 18-nji fewralda awstraliýalylary habar paýlaşmakdan mahrum etdi. Sosial media läheňiniň bu geň galdyryjy hereketine ýakyn wagtlarda onuň özüne garşy görüljek çäreden ar-alyş hereketi hökmünde garalýar. Awstraliýada hödürlenýän täze kanunçylyk Facebook we Google ulgamlaryndan ýerli žurnalistika üçin töleg talap eder.

Awstraliýa hökümeti feýsbugyň bu hereketini berk tankytlady. Petiklemeler, şol bir wagtyň özünde, käbir hökümet aragatnaşyklaryna, şol sanda gyssagly hyzmatlar boýunça hat alyşmalara we beýleki käbir täjirçilik sahypalarynyň işine öz täsirini ýetirdi.

Maliýe ministri Joş Fraýdenberg (Josh Frydenberg) feýsbugyň geň galdyryjy kararynyň kanunçykaryjylaryň sosial ulgamlar boýunça kabul eden täze kanunçylygyna jogap hökmünde kabul edilendigini aýtdy. Kanunçylyk Facebook we Google ulgamlaryndan awstraliýa žurnalistikasy üçin töleg talap edýär.

Ýöne bu taslamanyň kanun hökmünde kabul edilmegi üçin, ol Senatda tassyklanmaly. Facebook hödürlenýän awstraliýa kanunynyň “öz platformalary bilen olardan peýdalanýan neşirleriň arasyndaky gatnaşyga düýbünden ýalňyş düşünýändigini” aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG