Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baýden garyp ýurtlara COVID-e garşy göreş üçin 4 milliard dollar wada berdi


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 19-njy fewralda, beýleki baý ýurtlary koronawirusa garşy umumy göreşe öz goşantlaryny goşmaga höweslendirmek üçin, garyp ýurtlardaky sanjym işlerine kömek üçin 4 milliard dollar berjekdigini aýtdy.

Ak tamyň habaryna görä, Baýden bu ädimi senagat taýdan ösen ýurtlary öz içine alýan Uly ýediligiň (G7) wirtual sammitinde yglan etmekçi.

Prezident administrasiýasynyň ýokary derejeli resmisiniň sözlerine görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlary koronawirus sanjymlarynyň bütin dünýäde deň paýlanmagyny üpjün etmegi maksat edinýän halkara programmasyna (COVAX) haýal etmän 2 milliard dollar berer. Beýleki ýurtlar bu meseledäki borçnamalaryny ýerine ýetirenden soň, iki ýylyň dowamynda ýene 2 milliard dollar bölünip berler diýip, habarda aýdylýar.

COVAX dürli ýurtlaryň iň goly ýuka ilatynyň azyndan 20 göterimine sanjymlary satyn almak we paýlamak boýunça işlenip düzülen global taslama. Bu programma garyp ýurtlaryň ilatyň köpçülikleýin immunizasiýasyna başlan baý ýurtlardan kän yza galman, ilatyň sanjymyny wagtynda gurap bilmekleri üçin döredildi.

G7, senagat taýdan ösen ýurtlaryň ýediligine ABŞ, Germaniýa, Ýaponiýa, Angliýa, Fransiýa, Kanada we Italiýa girýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG