Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikanyň Marsa iberen “Perseverance” gämisi baryp gondy


Marsada düşürilen surat

Amerikanyň Marsa iberen “Perseverance” (Erjellik) maşyny Marsa üstünlikli gonduryldy.

Amerikanyň Aerokosmos gullugynyň (NASA) web sahypasynda göni ýaýlym guraldy.

Mars maşyny planetada gadymy ýaşaýyş görnüşleriniň alamatlaryny tapmaga we soňra ýere getiriljek toprak nusgalaryny ýygnamaga synanyşar.

Gonuş paraşýut ulanmak bilen, takmynan ýedi minut dowam etdi. Gondurylandan gysga wagt soň bu senet ilkinji suratlary aldy.

“Perseverance” Marsa geçen iýul ugradyldy. Bu enjam “Mars 2020” missiýasynyň çäginde bu planetada ýer hasaby boýunça takmynan 700 gün işlär.

Fewral aýynyň başynda Hytaý hem Mars orbitasyna öz kosmos barlagyçysyny çykardy. Dolandyrylýan enjamyň maý aýynyň aýagynda planetada gondurylmagyna garaşylýar.

Hytaý alymlary bu missiýanyň Marsda adam kolonizasiýasynyň mümkinçiliklerini öwrenmegine umyt baglaýarlar.

Hytaýlylardan öň ilkinji arap hemrasy Al-Amal (Umyt) Mars orbitasyna uçuryldy. Birleşen Arap Emirlikleri ony geçen tomus işe girizdi. Missiýanyň maksady atmosferany, howa şertlerini we üýtgeýän pasyllary öwrenmekden ybarat.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG