Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze ştammlar we giçki sargytlar. Döwletler millete sanjym etmäge nähili hötde gelýärler


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Bütindünýä saglyk guramasy dünýäde koronawirusa garşy sanjym edilenleriň sanynyň pandemiýa başlanandaky näsaglaryň sanyna deň bolandygyny habar berdi. Munuň özi ýüz milliondan gowrak adam. Emma dürli ýurtlardaky sanlar biri-birinden ep-esli tapawutlanýar.

Sanjym boýunça dünýäde öňdeligi Ysraýyl eýeleýär. Hut şol ýurtda ilata edilýän sanjym dünýäde iň çalt derejede barýar. Soňky maglumatlara görä, ýurduň ilatynyň uly ýaşly böleginiň deň ýarysyndan gowragy sanjymyň ilkinji dozasyny eýýäm alypdyr. Ysraýylyň ilaty dokuz milliondan azrak. Ysraýylyň Saglygy saklaýyş ministrligi ägirt uly üstünlikler barada hasabat berdi: sanjym alanlardan, ondan bir bölegine koronawirus ýokaşdy.

— Biz ilkinji gezek sanjymyň pandemiýa täsirini görýändigimizi ynam bilen aýdyp bildik. Bu ilkinji nobatda sanjym üçin ileri tutulýan 60 we ondan ýokary ýaş toparyna degişli – diýip, Weizmann institutynyň professory Eran Segal Häzirki Zaman kanalyna aýtdy.

Jan başyna sanjymlaryň sany boýunça Ysraýyldan soň Birleşen Arap Emirlikleri we Angliýa barýar. Mundan başga-da, sanjymlaryň umumy sany boýunça liderler ABŞ hem Hytaý bolup, ol ýurtlarda 30 milliondan gowrak adam sanjym aldy.

Şeýle-de bolsa, koronawirusyň täze görnüşleriniň köpelmegi sanjymlaryň netijeliligi baradaky soragy döredýär. Mysal üçin, Günorta Afrika Şwesiýa-Iňlis derman serişdesi ‘AstraZeneca’-nyň Günorta Afrika ştammyna garşy pes netijeliligi sebäpli, sanjymlaryň togtadylýandygyny yglan etdi. Ýöne Beýik Britaniýanyň resmileri şuňa meňzeş häsiýetleri beýleki ştammlarda hem tapyp boljakdygyny aýdýar.

— Bristol wariantynyň Günorta Afrikanyň ştammyndan üýtgeşikligi bar. Wirusyň ymtylýan üýtgeşmeleri başgaça. Şoňa görä munuň bolup biljekdigi we başga ýerlerde-de bolaýmagy geň däldir. Şonuň üçin bize hüşgär bolmak gerek, zerur ölçegleri geçirmeli hem-de sanjymy barlamaly – diýip, Angliýanyň hökümetiniň ylmy geňeşçisi Patrik Wallans aýdýar.

Ýewropa Bileleşiginde bolsa başga ýagdaý bar. Ýewropada koronawirus sanjymlaryny örän giç tassykladylar, şonuň üçin Ýewropa Bileleşigindäki ýurtlar häzirki wagtda birnäçe kynçylyklary başdan geçirýärler: bu ýurtlarda her ýüz adamdan diňe dördüsi sanjymyň azyndan bir dozasyny aldy.

— Häzirki wagtda biz koronawirusa garşy göreşimizde islenýän netijeleri gazanyp bilmedik, sebäbi waksinalary giç tassykladyk, bu eýsem hakykat. Biz waksinasiýa dermanlaryň köpçülikleýin önümçilik mümkinçiliklerine gaty optimist garadyk, biz sargyt eden zatlarymyzyň hemmesini wagtynda aljakdygymyza gaty ynandyk – diýip, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen aýdýar.

Sanjym derejesiniň çaltlygy nukdaýnazaryndan Ýewropa Bileleşigi Angliýadan, Ysraýyldan hem ABŞ-dan gaty yzda barýar. Şeýle-de bolsa, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy tomsuň ahyryna çenli Ýewropa ýurtlarynyň ilatynyň 70 göteriminiň sanjym aljagyny wada berýär. Ýewropa Bileleşiginiň ilaty 447 million adam.

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň arasynda Wengriýa ilkinji bolup Russiýanyň “Sputnik V” waksinasy bilen ýurduň ýaşaýjylaryna sanjym edip başlady. Ýewropa Bileleşigine agza beýleki ýurtlar şeýle mümkinçilige seredýändiklerini aýtsalar-da, rus waksinasyny ulanmaklyk entek tassyklanman gelýär.

Material Azatlyk Radiosynyň Häzirki zaman kanaly tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG